Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugat azatlygyny goraýjylar Orsýetiň ukrain žurnalistini türmä basmagyny ýazgarýar


“Žurnalizm jenaýat däl” diýip, H.Desiriň beýanatynda aýdylýar. 
“Žurnalizm jenaýat däl” diýip, H.Desiriň beýanatynda aýdylýar. 

Kiýew we metbugat azatlygyna gözegçilik edýän guramalar rus sudunyň ukrain žurnalistini içalyçylykda aýyplap, türme tussaglygyna höküm etmegini ýazgaryp çykyş etdiler.

Moskwa sudy 4-nji iýunda Suşçenkony içalyçylyk etmekde günäli tapdy we berk düzgünli türmede saklamak şerti bilen 12 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Žurnalistiň aklawçysy Mark Feigin öz müşderisiniň işiniň syýasy sebäpler esasynda galplaşdyrylandygyny we onuň suduň höküminden şikaýt etjekdigini aýtdy.

ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Harlem Desir bu höküme özüniň gynanandygyny aýtdy we Orsýeti žurnalisti azat etmäge çagyrdy.

“Žurnalizm jenaýat däl” diýip, Desiriň çap eden beýanatynda aýdylýar.

Nýu-Ýorkdaky Žurnalistleri goramak baradaky komitet hem Suşçenkonyň azatlyga goýberilmegini talap etdi we rus häkimiýetleriniň öz aýyplamalaryny hiç bir anyk delil bilen subut edip bilmändiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG