Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ABŞ-nyň Kreml bilen ilteşikli tüçjar barada eden aýyplaýjy aktyny  ‘gülkünç’ diýip häsiýetlendirdi


Евгений Пригожин
Евгений Пригожин

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Kreml bilen ilteşigi bolan milliarderiň 2016-njy ýylda ABŞ-da geçirilen prezident saýlawlaryna goşulyşandygy barada Birleşen Ştatlaryň eden aýyplaýjy aktyna güldi. Şeýle-de, ol özüniň aşpezlerinden biriniň ABŞ-daky prezident saýlawlaryna goşulyşyp biljekdigi barada aýdylýanlary ýaňsylady.

4-nji iýunda Awstriýanyň “ORF” teleradio ýaýlymyna beren interwýusynda Putin Birleşen Ştatlaryň ýörite geňeşçisi Robert Mueller tarapyndan Prigožine garşy ýöňkelen aýyplamalary “gülkünç” diýip, ret etdi.

“Putiniň aşpezi” diýen ada eýe bolan tüçjar Prigožin birnäçe restoranyň we köplenç trol zawody diýlip häsiýetlendirilýän Internet derňew agentliginiň eýesidir. Bu agentlik 2016-njy ýyldaky saýlawlar döwründe ABŞ-nyň sosial media kampaniýasyny geçiripdi.

Muelleriň aýyplaýjy akty Prigožini we başga-da 12 sany orsýetlini syýasy taýdan bölüji maglumatlary we mahabatlary ýaýratmak arkaly saýlawlara goşulyşmak bilen ilteşikli diýilýän dildüwşüge gatnaşmakda aýyplaýar. Gürrüňi edilýän maglumatlaryň we mahabatlaryň Facebook, Twitter we beýleki sosial ulgamlardaky ABŞ-ly ses berijileriň millionlarçasyna baryp ýetendigi aýdylýar.

“Eger orsýetli restoran eýesi Birleşen Ştatlardaky we ýewropa ýurtlaryndaky saýlawlara täsir ýetirip bilýän bolsa, günbatar informasiýasy we syýasy gurşawy näderejede pese gaçan bolup biler” diýip, Putin belledi.

XS
SM
MD
LG