Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisiniň metro işgärleriniň iş taşlamak çäresi tapgyr ikinji gün dowam edýär


5-nji iýunda Tbilisiniň çäginde “Mugt” ýa-da "Tölegsiz" diýlen ýazgyly awtobuslaryň bir ýerden başga ýere gatnawlary amala aşyrýandygyny görse bolýar.

Aýlyk haklarynyň köpeldilmegini talap edýän Tbilisiniň metro işgärleri özleriniň iş taşlaýyşyny tapgyr ikinji gün dowam etdirýärler. Bu waka Gürjüstanyň paýtagtyndaky hökümete garşy protest hereketiniň lideriniň ýurduň häkimiýetindäki elita garşy göreşmegi wada beren mahalyna gabat geldi.

Metro işgärleri häkimiň öňümizdäki ýyldan başlap aýlyk haklarynyň ýokarlandyryljakdygy barada eden teklibini ret edensoň, 5-nji iýunda Tbilisiniň çäginde “Mugt” ýa-da "Tölegsiz" diýlen ýazgyly awtobuslaryň bir ýerden başga ýere gatnawlary amala aşyrýandygyny görse bolýar.

Bu aralykda, Tbiliside hökümetiň işden çekilmegini talap edýän protestçiler öz demonstrasiýalaryny tapgyr altynjy gün hem dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.

“Meniň şol bir pozisiýam bar – sistema ýok edilmelidir” diýip, protest lideri Zaza Saralidze 4-nji iýunda Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Hwirikaşwili bilen geçiren duşuşygyndan soň aýtdy.

Geçen ýylyň dekabr aýynda bolan uruş-dawada iki ýetginjegiň pyçaklanyp öldürilmegi babatynda adalatly sud diňlenişiginiň bolmandygyny aýdýan protestçileriň köçe demonstrasiýalary 31-nji maýda başlanypdy.

XS
SM
MD
LG