Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Gazagystan bilen aradaky ýeňillikli wiza düzgünini wagtlaýyn ýatyrdy


Türkmenistanyň serhet gullugynyň agzalary
Türkmenistanyň serhet gullugynyň agzalary

Türkmenistan Gazagystan bilen aradaky ýeňillikli wiza düzgünini wagtlaýyn ýatyrdy. Muňa laýyklykda, türkmen-gazak serhedi şu ýylyň iýun aýynyň 6-dan 16-na çenli aralykda ýapyk bolar.

Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň ilaty Gazagystanyň Atyrau we Mangystau welaýatlaryna, Gazagystanyň agzalan welaýatlarynyň ilaty-da Türkmenistanyň Balkan welaýatyna bäş günüň dowamynda wizasyz sapar edip bilýär.

“Lada.kz” we başga-da birnäçe gazak habar serişdeleri Gazagystanyň Girdejiler boýunça departamentiniň Mangystau regionyndaky edarasyna salgylanyp, Türkmenistanyň öz serhedindäki howpsuzlyk çärelerini güýçlendirendigini we iki ýurduň arasyndaky ýeňillikli wiza düzgünini 11 günlük ýatyrandygyny habar berýärler.

Türkmen häkimiýetlerinden bu soňky çäklendirmäniň sebäpleri we onuň näçe güne çenli dowam etjekdigi barada anyk maglumat almak başartmady. Emma resmi Aşgabat tarapyndan Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ýeňillikli wiza düzgünini wagtlaýyn ýatyrmagy bilen baglanyşykly ýagdaýlar wagtal-wagtal gaýtalanýar.

2016-njy ýylyň 15-nji dekabrynda Gazagystanyň Mangystau regionynyň resmileri türkmen tarapynyň ýeňillikli wiza düzgünini “näbelli möhlete çenli, ýöne wagtlaýyn ýatyrandygyny” habar beripdiler. Şonda Gazagystanyň “Newskaz.kz” ýaly käbir habar agentlikleri serhediň wagtlaýyn ýapylmagyny Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň günbataryndaky Balkan welaýatyna edýän sapary bilen baglanyşdyrypdylar.

Gazagystanyň daşary işler ministri Kaýrat Abdyrahmanowyň sözlerine görä, häzirki wagt Türkmenistanyň territoriýasynda 20 müň çemesi etnik gazak ýaşaýar, 1990-njy ýylda olaryň sany 120 müň adama barabardy.

Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklaryň, şol sanda etnik gazaklaryň sany barada türkmen tarapynyň resmi sanlary köpçülige mälim edilmeýär.

Türkmenistan öz goňşy döwletleriniň arasynda iň az serhet araçägini Gazagystan bilen paýlaşyp, onuň uzynlygy 379 kilometre barabar. Türkmen-gazak araçäginden garşylykly tarapa “Temir-baba” awtoulag gümrük nokadyndan we “Boşalak” demirýol gümrük nokadyndan geçip bolýar.

XS
SM
MD
LG