Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýyllyk sorag-jogap sessiýasynda ýurduň ykdysadyýetine optimistik baha berýär


Gartaşan rus zenanlary Putiniň ýyllyk sorag-jogap sessiýasyna tomaşa edýärler.
Gartaşan rus zenanlary Putiniň ýyllyk sorag-jogap sessiýasyna tomaşa edýärler.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin döwlet tarapyndan dolandyrylýan ýyllyk sorag-jogap sessiýasyny geçirýär we ýurduň çar künjeginden göni liniýalar arkaly berilýän soraglara ençeme sagatlap jogap berýär.

7-nji iýunda başlanan Göni liniýa ýaýlymy, garşydaşlary tarapyndan galplaşdyryldy diýilýän we halkara synçylarynyň halka hakyky saýlaw üçin mümkinçiligiň döredilmändigini aýdýan saýlawda ýeňiş gazanyp, dördünji gezek alty ýyl möhlet bilen täzeden prezidentlige kasam edeninden bir aý soň geçirilýär.

Putin sessiýasyna ykdysadyýetde optimistik kartinany suratlandyrmak bilen başlap, ykdysadyýetde iki ýyl dowam eden yza gaýdyşdan soň, “biz dogry ugra tarap hereket edýäris” diýip, ýöne “henizem ep-esli problemalaryň” bardygyny aýtdy.

Putin täze prezidentlik möhletinde amala aşyrmagy planlaşdyrýan tutumly ykdysady maksatlarynyň arkasyndaky käbir detallary düşnükli aýtmaga synanyşyp, Umumy içerki önüminiň ösüşiniň, çykdajylaryň has akylly-paýhasly amala aşyrylmagynyň we salgydyň has netijeli salynmagynyň Orsýete badalga bermegini umyt edýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG