Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda gytalýan ýerli etiň bahasy gymmatlady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşoguzda etiň 1 kilogramynyň bahasy 30 manada, süňksüz çylka et 45 manada çykdy. Ozallar welaýatyň çäginde etiň kilogramynyň bahasy 20 manada durýardy. Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soraýan Azatlygyň welaýatdaky habarçysy bu barada 7-nji iýunda maglumat berdi.

“Göş satýan telekeçileriň köpüsi dükanlaryny ýapdylar. Et 30 manat, jylka et 45 manat. Öňler Daşoguzdan Ahal we Mary welaýatlaryna [et üçin] öküz, göle, geçi we goýun alyp gidilýärdi. Indi, tersine olar Daşoguza getirip satyp başladylar” diýip, daşoguzly çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, welaýatyň çäginde et satýan gassaplara “organ işgärleri” basyş edip, etiň kilogramynyň bahasyny 20 manatdan satdyrmaga synanyşýar.

“Munuň netijesinde, welaýatyň bazarlarynda et satýan dükanlaryň köpüsi ýapyldy” diýip, çeşme regionyň dürli etraplarynda gürrüňdeş bolan onlarça ýaşaýjynyň sözlerine salgylanyp habar berdi.

“Gassaplar çet ýerlerde mal öldürip satýarlar. Dogrusy, et satyn almak edil narkotik [serişde] satyn alýan ýaly kynlaşdy. Ony tanyş üsti bilen almaly diýen ýaly. [Gassaplar eti] näçe manada we kimden alanyňy aýtmazlyk şerti bilen satýarlar” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de ol ýerli etiň bahasynyň galmagynyň mümkin bolan dürli sebäplerini çaklap, welaýatda daşary ýurtlardan getirilýän ete, şol sanda towuk fermalarynda öndürilýän ete islegiň azdygynyň, galyberse-de mal iýminiň aşa gymmatlamagynyň bahalaryň galmagyna getiren bolmagynyň ahmaldygyny ýaňzytdy.

“Türkmen telekeçilerine Daşoguz-Horezm gümrük nokadyndan [Özbegistana] mal etini geçirmäge rugsat berilmeginiň hem soňky ýagdaýlara sebäp bolýan bolmagy mümkin” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Synçylaryň bellemegine görä Türkmenistanda ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Halkara ekspertler ýurtda ýyllyk inflýasiýanyň aşa galandygyny aýdýarlar. Jon Hopkins uniwersitetiniň professory we “Kynçylykly walýutalar” proýektiniň ýolbaşçysy professor Stiw Henki türkmen manadynyň hümmetsizlenmeginiň ýyllyk görkezijisini çap etdi. Onuň Türkmenistan barada maglumat çap edýän dürli garaşsyz çeşmeleriň, şeýle-de Birleşen Ştatlaryň Statistika baradaky edarasynyň maglumatlaryna salgylanyp taýýarlan sanlarynda Türkmenistanda ýyllyk inflýasiýanyň derejesi 294 % baryp ýetdi.

“Häzirki wagtda Türkmenistan ýokary galan inflýasiýanyň derejesi boýunça dünýäde ikinji ýerde durýar. Indi ol giperinflýasiýanyň bosagasynda. Bu günki günde Türkmenistanyň ýyllyk inflýasiýasynyň derejesi 294 % baryp ýetdi” diýip, professor ýazýar.

Halkara walýuta fondunyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiriniň orunbasary Ýuha Kahkonen golaýda Reuters habar agentligi bilen gürrüňdeşlikde, “Türkmenistan ýa manady dewalwasiýa etmeli, ýa-da döwlet çykdajylaryny azaltmaly” diýip, ýurtda dowam edýän ykdysady ýagdaýlar dogrusynda çykyş etdi.

Bütindünýä bankynyň maglumatyna görä, 2019-2020-nji ýyllarda türkmen ykdysadyýetiniň ösüşi 6,3 prosente çenli ýokarlanar. Adatça, halkara guramalary çap edýän statistiki sanlarynda Türkmenistanyň ýaýradýan resmi görkezijilerine salgylanýar.

Bu aralykda, Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky bahasynyň üýtgemegi dowam edýär. 4-nji iýunda Daşoguzda 1 dollaryň bahasy 29 manada galan bolsa, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň habar bermegine görä, şol gün paýtagtda 1 dollar 24 manat 50-80 teňňe aralygynda satyn alynyp, ony ortaça 26.5 manada satdylar.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy, şu gün, ýagny 7-nji iýunda Daşoguzyň “gara bazarynda” 1 dollaryň 24 manatdan satylýandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä dollar aňsat tapdyrmaýar. Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy şu günüň dowamynda Aşgabatda 1 dollaryň 20-21 manatdan satyn alynýandygyny, ýöne satyn almak üçin onuň aňsat tapdyrmaýandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG