Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran dünýä döwletlerini ABŞ-nyň “süýkenme taktikalaryna" garşy durmaga çagyrýar


Eýranyň daşary işler ministri Jawed Zarif, arhiwden alnan surat.
Eýranyň daşary işler ministri Jawed Zarif, arhiwden alnan surat.

Eýranyň baş diplomaty dünýä döwletlerini ABŞ-nyň “süýkenme taktikalaryna" garşy durmak üçin 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyna ygrarly bolup galmaga hem-de ABŞ-nyň bu şertnamadan çekilmegi netijesinde Eýranyň çeken ykdysady zyýanlarynyň öweziniň dolunmagyna çagyrdy.

Eýranyň daşary işler ministri Jawed Zarifiň 7-nji iýunda twitter arkaly ýaýradan hatynda bu ylalaşygyň “aman galmagy” üçin galan gol çekijileriň we beýleki ykdysady hyzmatdaşlaryň ABŞ-nyň yza çekilmegi we ozal bu şertnama esasynda ýatyran sanksiýalaryny dikeltmek planlary sebäpli “Eýranyň ýitgileriniň öwezini dolmalydygy” bellenilýär.

Zarif Eýranyň bu ylalaşykdan gören düýpli ykdysady bähbitleriniň Birleşen Ştatalaryň sanksiýalary ýatyrmak borçnamasy bilen baglydygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG