Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pensiýa haklary plastik kartlara geçirilmedi, banklaryň öňünde uly nobatlar emele geldi


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda iýun aýyndan başlap 65 ýaşyna ýetmedik pensionerleriň pensiýa haklarynyň bank kartlaryna geçiriljekdigi duýdurylsa-da, bu amala aşmady. Munuň netijesinde bank şahamçalarynyň öňünde uly nobatlar emele geldi.

“Plastik kartlaryň bardygyna garamazdan, şolaryň bank kartlaryna pensiýa geçmändir. Özem bu uçdan tutma ählisine diýen ýaly geçmändir. Onsoň adamlar pensiýany alýan şahamçalaryndan soranlarynda, olara ilki bilen sosial üpjünçilik bölümine barmalydyklaryny, şol ýerden pensiýanyň plastik karta geçmändigi bardaky güwänamany almalydyklaryny we ondan soň özlerine hyzmat edýän bank şahamçasyna barmalydygyny aýdypdyrlar. Bu ýerde bank kartyny barladyp, oňa puluň geçmändigi baradaky talony almaly. Şondan soňra olara nagt görnüşinde pensiýalaryny berip başladylar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol pensiýa haklaryny berýän bank şahamçalarynyň öňünde nobatlaryň örän uludygyny, olaryň öňünde her gün 200 çemesi adamyň nobata durýandygyny we olara azyndan bäş-alty polisiýa işgäriniň gözegçilik edýändigini belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, synçy Bugaýew pensiýa haklarynyň näme sebäpden bank kartlaryna geçirilmändigi barada ne bank işgärleri, ne-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň maglumat berýändigini aýdýar.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň aprel aýyna çenli pensionerler özleriniň pensiýa haklaryny bank şahamçalaryndan nagt görnüşinde alyp bilýärdiler. Ýöne aprel aýynyň başynda bank şahamçalarynyň işgärleri “iýun aýyndan başlap 65 ýaşyna ýetmedik pensionerleriň öz pensiýa haklaryny bankomatlardan almalydygy we olaryň munuň üçin banklarda zerur bolan resminamalary doldurmalydygy” barada duýduryş berdiler.

Emma maý aýynyň ortalarynda 70 ýaşyna ýetmedik pensionerleriň hem, pensiýa haklaryny bank şahamçalaryndan däl-de, bankomatlardan nagtlaşdyrmalydygy barada maglumatlar peýda boldy. Bu barada resmi metbugatda ýa-da bank şahamçalarynda bildiriş edilmedi.

Bugaýew bu täze düzgün barada 70 ýaşyna ýetmedik pensionerleriň azyndan 95%-niň iýun aýynyň başynda pensiýa haklaryny almaga baranda bilip galandygyny we häzirki wagtda olaryň pensiýa haklaryny almakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdýar.

“Iýun aýynyň başynda pensionerler pensiýa almaga baranda, bankyň işgärleri gerekli dokumentleriň sanawyny berip, ‘ynha, şu zatlary tabşyryň. Şondan soňra-da bankyň şahamçasynda bellik etdiriň hem-de dokumentleriňizi tabşyrandygyňyz hakynda bize aýdyň’ diýip, aýdypdyrlar. Adamlar şondan soňra gelip dokumentleri tabşyrmaly. Bu ýerde-de ýene bir aýdan geliň diýýärler. ‘Şonda pensiýa alýan bank şahamçaňyzyň penjiresine bararsyňyz, şol ýerde-de plastik kartlaryňyzy bererler’ diýýärler” diýip, Bugaýew munuň üçin ýaşuly nesliň döwlet edaralaryna ençeme günläp gatnamaly boljakdygyny belleýär.

Iýun aýynda 65-70 ýaş aralygyndaky pensionerleriň pensiýa haklaryny öz wagtynda alyp biljekdigi ýa-da bilmejekdigi baradaky soraglara, bank işgärleri “bu barada häzirlikçe bize ýokardan berlen görkezme ýok. Siz dokumentleriňizi tabşyryp başlaň” diýip, jogap berýärler.

Ýaşy 65-70 aralygyndaky pensionerleriň ençemesi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde özleriniň başga ýerden hiç hili girdejileriniň ýokdugyny aýdyp, iýun aýy üçin pensiýa haklaryny alyp bilmese, munuň öz ýaşaýşyna, durmuşyna örän ýaramaz täsir ýetirjekdigini aýdýarlar.

“Her aý almaly dermanlarymdan başga-da, gündelik iýjek çöregime hem pulum bolmaz. Sebäbi onsuzam alýan pensiýa hakymyz bu aýdan indiki aýa zordan ýetýär. Bu aý olam bolmasa näme ederis bilemok” diýip, özüni Dürjemal diýip tanyşdyran 68 ýaşyndaky pensioner ene aljyraňňy ýagdaýda öz başdan geçirýänlerini gürrüň berdi.

Türkmenistanyň resmi mediasynda 70 ýaşyna çenli pensionerleriň pensiýa haklaryny bankomatlardan almalydygy we bu täze düzgün bilen bagly olaryň başdan geçirýän kynçylyklary barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG