Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" hüjümlerinde onlarça adam öldürildi


Kalaýy-Zal etrabynyň jeňçilere garşy aýaga aglan adamlary. Arhiw suraty.

Owgan resmileri “Talyban” söweşijileriniň ýurt boýunça gurnalan hüjümlerde hökümetiň 40-dan gowrak howpsuzlyk işgärini öldürendigini aýdrýarlar.

Jeňçiler 9-njy iýunda Gunduz welaýatynyň Kalaýy-Zal etrabynda üç sany barlag nokadyna zabt edip, ýerli polisiýanyň azyndan 25 ofiserini öldürdiler diýip, goňşulykdaky Ymam Sahyb etrabynyň gubernatory Amanaddin Kureşi aýtdy.

Kureşi çaknyşyklar mahalynda sekiz jeňçiniň öldürilendigini, dokyz jeňçiniň bolsa ýaraly bolandygyny hem belledi.

Günbatardaky Hyrat welaýatynda “Talyban” jeňçileri Zawol etrabyndaky bir barlag nokadyna hüjüm edende azyndan 17 esger öldürildi diýip, welaýat gübernatorynyň sözçüsi Jelani Farhad aýtdy.

Farhad hüjümde azyndan 13 adamyň ýaraly bolandygyny hem sözüne goşdy.

Bu hüjümler “Talybanyň” Eýd-al-Fitr baýramçylygy mynasybetli üç günlük ýaraşyk yglan eden wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG