Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin ABŞ-nyň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekilmegini tankyt etdi


Eýranyň prezidenti Hassan Rouhani (Ç) rus kärdeşi Wladimir Putin bilen gürleşýär. Kingdao, 9-njy iýun, 2018.

Rus prezidenti Wladimir Putin Birleşen Ştatlaryň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekilmegini tankyt etdi we munuň Ýakyn Gündogary “durnuksyzlaşdyryp” biljekdigini aýtdy.

Putin 10-njy iýunda, Hytaýyň Kingdao port şäherinde, ŞHG-nyň sammitinde çykyş edip, Kremliň 2015-nji ýylda Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygy boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirjekdigini aýtdy.

"Orsýet bu planyň berk we yzygiderli durmuşa geçirilmegine çagyrýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Öz gezegimizde, biz öz üstümize alan borçnamalarymyzy durmuşa geçirmegi dowam etdireris” diýip, Putin aýtdy.

Ýadro ylalaşygy Eýranyň garşysyna girizilen halkara sanksiýalaryny ýatyrmagyň deregine Tähranyň uran baýlaşdyrmak we beýleki ýadro aktiwliklerini berk çäklendirmek üçin baglaşyldy.

Bu şertnama gol çeken beýleki ýurtlar Britaniýa, Fransiýa, Orsýet, Hytaý we Germaniýa bolup, Eýran bu şertnamanyň şertlerini ýerine ýetirýän wagtynda özleriniň oňa ygrarly bolup galjakdyklaryny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG