Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Tramp merhum Muhammet Alynyň günäsini geçmegiň pikirini edýär


ABŞ, 1967-nji ýylyň fewraly, Tehsas. Muhammet Aly bäsleşik üçin elliklerini geýýär. Arhiw suraty
ABŞ, 1967-nji ýylyň fewraly, Tehsas. Muhammet Aly bäsleşik üçin elliklerini geýýär. Arhiw suraty

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ady rowaýata öwrülen boksçy, merhum Muhammet Alynyň günäsini geçmek mümkinçiligine “çyny bilen seredýändigini” aýtdy.

ABŞ-nyň Ýokary sudy 1971-nji ýylda spotsmene çykarylan hökümi ýatyrdy. “Men Muhammet Aly hakynda pikir edýärin. Çyndan oýlanýaryn. Hökümleri adalatsyz bolan beýleki adamlar barada hem pikir edýärin” diýip, Tramp žurnalistlere aýtdy.

Muhammet Aly 2016-njy ýylda, 74 ýaşynda aradan çykdy. Ol 1967-nji ýylda Wýetnam urşy döwründe goşunda gulluk etmek üçin harby çakylykdan boýun gaçyrmakda aýyplanyp, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

ABŞ-nyň Ýokary sudy 1971-nji ýylda bu hökümi ýatyrdy. Bu karardan soň iş ýüzünde Alynyň sud edilenligi aýrylýar. Şu sebäpden häzir bu hili ýagdaýda günä geçişiň ulanylmak ähtimallygy nämälim bolup galýar.

Aly ABŞ-da we onuň çäginden daşarda hem öz syýasy aktiwligi we ynsanperwerligi bilen giňden tanalýardy. Ol öz sport karýerasy döwründe onlarça dünýä lideri bilen duşuşdy we belli bir wagt içinde Ýer togalagynda iň tanalýan adamlaryň biri boldy.

ABŞ-nyň prezidenti Jorj Buş-kiçi 2005-nji ýylda ony ýurduň iň ýokary döwlet sylaglarynyň biri, prezidentiň Azatlyk medaly bilen sylaglady.

XS
SM
MD
LG