Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň söweş uçary Okinawanyň golaýynda heläkçilige uçrady


ABŞ-nyň howa güýçleriniň F-15C söweş uçary

ABŞ-nyň harbylary howa güýçleriniň F-15C söweş uçarynyň Ýaponiýanyň günortasynda Okinawadan günorta tarapda heläkçilige uçrandygyny habar berdiler.

Howa güýçleriniň 11-nji iýunda çap eden beýanatyna görä, uçar sürüjisi halas edilipdir. Uçar heläkçiliginiň sebäpleri derňelýär. ABŞ-nyň howa güýçleriniň Okinawadaky Kadena howa bazasyna degişli uçaryň bu sapary adaty türgenleşik missiýasy bolupdy.

ABŞ-nyň Ýaponiýadaky 50 müň çemesi harbysynyň ýarysy Okinawada ýerleşýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG