Owganystanyň demirgazygynda Gunduz welaýatynda “Talybanyň” söweşijileriniň 11-nji iýunda irden amala aşyran hüjüminde Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 15 wekili wepat boldy diýip, resmiler habar berdiler.
Welaýat geňeşiniň agzasy Aminullah Ayaddiniň aýtmagyna görä, Kala-e Zal etrabynda bolan bu hüjüm esgerleriň säherlik naharyna ýygnanan wagtynda ýüze çykypdyr. On esger we bäş polisiýa wekili wepat bolupdyr.
Şol bir wagtda-da, Nangarhar welaýatynyň paýtagty Jalalabadda hem harbylar 11-nji iýunda irden söweşijileriň hüjümine sezewar boldular. Ýerli resmileriň aýtmagyna görä, Jalalabadyň Bilim departamenti hüjümçileriň nyşanyna düşüpdir.
Owganystanyň Gazni welaýatynda ýolda goýlan bomba partlamasy zerarly kiçi awtobusyň alty ýolagçysy, şol sanda aýallar we çagalar heläk boldy.