Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mugallymlar maý aýy we ýyllyk zähmet rugsady üçin aýlyklaryny alyp bilmeýärler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň, hususan-da, Aşgabadyň orta mekdepleriniň mugallymlary ne maý aýy, ne-de ýyllyk zähmet rugsady üçin aýlyklaryny alyp bilýärler diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary aýdýarlar.

Belläp geçsek, Türkmenistanda 2017-2018-nji okuw ýylynyň 25-nji maýda tamamlanmagy bilen, mekdep mugallymlarynyň aglabasy 1-5-nji iýun aralygynda özleriniň 45 günlük ýyllyk zähmet rugsadyna çykdylar.

“Şu gün iýun aýynyň 11-i, ýöne muňa garamazdan, maý aýynyň aýlygy henizem berilmedi. Galyberse-de, zähmet rugsadyna çykanymyza hem 10 gün çemesi wagt boldy. 45 gün zähmet rugsady üçinem aýlyklarymyz heniz berilmedi. Ýogsam bolmasa, ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, zähmet rugsady döwründe aljak aýlyklarymyz dynç alşa gitmänkäk berilmeli” diýip, özüni Güljemal diýip tanyşdyran aşgabatly mugallym Azatlygyň ýurt içindäki habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu ýagdaýyň ýurduň ähli künjeginde diýen ýaly gaýtalanýandygyny aýdyp, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki, Serdar we Etrek etraplaryndaky, Daşoguz welaýatynyň Gubadag we Boldumsaz etraplaryndaky mekdep mugallymlarynyň hem aýlyklaryny alyp bilmeýändigini tassyklaýarlar.

Mugallymlaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, olar bilim işgärleriniň aýlyk haklarynyň öz wagtynda berilmegine jogapkär etrap we şäher bilim bölümlerine jaň edende, resmiler olara: “Biz ähli dokumentleri taýýarladyk. Olaryň siziň plastik kartlaryňyzy açan degişli banklara tabşyrdyk. Olarda haçan maliýe mümkinçiligi bolsa, şonda geçirerler” diýip, özlerinde günäniň ýokdugyny aýdýarlar.

Aýlyklaryň öz wagtynda berilmezliginiň ýyllyk zähmet rugsadynda saglyk ýagdaýyny bejertmek üçin dürli şypahanalara gitmegi planlaşdyran mugallymlara has-da ýaramaz täsir ýetirýändigini, sebäbi olaryň bu şypahanalaryň töleglerini wagtynda geçirip bilmeýändigini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir bilim işgärleri aýdýarlar.

Galyberse-de, mugallymlaryň ençemesi azyk we senagat harytlarynyň hem-de gündelik durmuşda peýdalanylýan beýleki hyzmatlaryň, şeýle-de dollaryň gymmatlamagynyň günde diýen ýaly dowam edýändigine ünsi çekip, aýlyklaryň wagtynda berilmezliginiň öz gün-güzeranyny has-da kynlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda döwlet işgärleriniň, şol sanda mugallymlaryň aýlyklarynyň öz wagtynda berilmezligi bilen baglanyşykly wakalar indi iki ýyldan gowrak wagt bäri wagtal-wagtal dowam edýär.

Geçen ýylyň iýun aýynda döwlet işgärleri, şol sanda mugallymlar öz aýlyklarynyň mart aýyndan bäri berilmeýändigini aýdyp, üç aý bäri dogan-garyndaşlaryndan ýa-da tanyş-bilişlerinden alan karz pulunyň hasabyna ýaşaýandyklaryny habar beripdiler.

Galyberse-de, Türkmenistanda hususy gurluşyk kärhanalarynda işleýän işgärleriň ençemesiniň hem, birnäçe aýlap öz zähmet haklaryny alyp bilmän kösenýändigini Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary geçen aý habar beripdiler.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi ykdysady kynçylyklar sebäpli ýurtda nagt pul ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyny, muňa ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlardan başga-da bankomatlarda nagt pul ýetmezçiliginiň we işgärleriň sanynyň kemeldilmegi ýaly faktorlaryň şaýatlyk edýändigini belleýärler.

Türkmenistanyň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan halkara we ýerli synçylaryň ençemesi ýurduň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýar.

Belläp geçsek, ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň häkimiýetleri ýa-da döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri tarapyndan haýsydyr bir maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG