Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda gurnalan hüjümlerde bir günde azyndan 33 adam öldürildi


 Kabul, 11-nji iýunda bolan hüjümden soň garyndaşlarynyň ýasyny tutýan adamlar.
Kabul, 11-nji iýunda bolan hüjümden soň garyndaşlarynyň ýasyny tutýan adamlar.

Kabuldaky janyndan geçen bombaçy, Gazni welaýatynda ýol ýakasynda goýlan bomba we Nangarhar we Gunduz welaýatlaryndaky utgaşdyrylan hüjümler 11-nji iýunda azyndan 33 adamy öldürdi diýip, owgan resmileri aýtdy.

Kabuldaky janyndan geçen hüjümçi özüni Obalary dikeltmek we ösdürmek ministrliginiň daş işiginde partlatdy diýip, resmiler aýtdy.

Saglyk ministrliginiň sözçüsi paýtagtyň günbatarynda ýerleşýän ministrligiň binasynyň daş işiginde bolan hüjümde 12 adamyň ölendigini, 30-dan gowrak adamyň ýaraly bolandygyny aýtdylar.

Bu hüjüm işgärler Remezan aýy sebäpli işden ir gaýdan wagtlarynda boldy diýip, polisiýanyň Haşmat Stanikzai aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.

Gunduz welaýatynda, 11-nji iýunda irden owgan howpsuzlyk güýçleriniň postuna edilen hüjümde bolsa, “Talyban” söweşijileri hökümet güýçleriniň azyndan 15 agzasyny öldürildi diýip, resmiler aýtdy.

Gazni welaýatynda minibus, kiçi awtobus bombanyň üstünden gelende bolsa, alty adam öldi diýip, ýerli resmi aýtdy.

XS
SM
MD
LG