Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede talyplar jemgyýetini döreden student Türkmenistanda tussaglykda saklanýar


Omriuzak Omarkulyýew
Omriuzak Omarkulyýew

Türkiýede okaýan türkmen studenti Omriuzak Omarkulyýew Türkmenistanda tussag astynda saklanýar diýip, onuň ýakynlary Azatlyk Radiosyna habar berdiler. Azatlyk Radiosyna 9-njy we 11-nji iýunda gowşan maglumatlara görä, Omriuzak Omarkulyýew Owadan Depe türmesinde saklanýar, käbir maglumatlarda onuň 20 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilen bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar.

Azatlygyň bu maglumaty resmi taýdan tassyklatmak boýunça synanyşygy entek başa barmady. Türkmen häkimiýetleriniň Türkiýede türkmen studentleriniň jemgyýetini döreden studenti nämede aýyplaýandygy hem nämälim galýar.

Читайте также на русском

Asly Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Farap obasyndan Omriuzak Omarkulyýew Türkiýede türkmen studentleriniň jemgyýetini döreden türkmenistanly ýaş aktiwistdir. Ol Türkiýäniň Gorkut Ata adyndaky Osmaniýa uniwersitetiniň ikinji kursunyň studenti.

Omriuzak 21-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynda eden çykyşynda öz döreden guramasy barada gürrüň berip, öz guramasynyň işine Türkmenistanyň ilçihanasynyň gyzyklanma bildirýändigini we goldaw hödürländigini aýdypdy. Ömriuzak mart aýynyň başynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, özüniň türkmen häkimiýetleri tarapyndan 14-nji fewralda Türkmenistana alnyp barylandygyny we şondan bäri ýurtdan goýberilmän saklanýandygyny gürrüň beripdi.

Omriuzak Omarkulyýew: Men Türkiýede türkmenistanly talyplaryň raýdaşlyk birleşiginiň ýolbaşçysy bolýaryn. Men Türkmenistanyň Ankaradaky konsulhanasynyň başlygy Myrat Akmämmedowyň haýyş etmeginde, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw edarasynyň ýörite toparynyň çakylygy boýunça şu ýylyň fewral aýynyň 14-ne Türkmenistana getirildim.

​Omriuzak Omarkulyýew özüniň Türkmenistana barmagynyň maksadynyň Türkmenistanda 25-nji martda geçirlen parlament saýlawlaryna syn etmek we Türkiýede bilim alýan türkmenistanlylaryň gatnaşmagyny guramalaşdyrmak ýaly işlerden ybarat bolandygyny gürrüň beripdi. Ol Türkmenistanda saýlawlara görülýän taýýarlyklaryň çäginde geçirlen resmi maslahatlaryň birine gatnaşyp, Türkiýä gaýtmakçy bolýandygyny, emma ýurtdan goýberilmeýändigini aýdypdy.

Omriuzak Omarkulyýew: Men şu hakda geçirilen ýygnaga şu ýylyň fewral aýynyň 21-ne gatnaşdym. Soňra men ertesi güni fewral aýynyň 22-ne irden 7:30-daky Aşgabat-Stambul uçary bilen uçmakçy boldum. Ýöne meni şol ýerde Migrasiýa gullugy yzyma gaýtardy. Sebäbini soranymda 'pasportyň okalanok' diýip, jogap berdiler. Soň men şol gün Migrasiýa gullugyna gidip pasportymy barlatdym, ýöne hiç hili näsazlygyň ýokdugyny aýtdylar. Men asyl sebäbini öwrenmekçi boldum. Men Migrasiýa gullugynyň başlygy bilen görüşdim. Ol hem hiç hili sebäbini düşündirmedi, hatda meniň ýurtdan çykyp bilmejegimi aýtdy.

Omriuzak Omarkulyýew Azatlyk Radiosy bilen mart aýynda eden şol söhbetdeşliginde özüniň ýurtdan çykmagyna mümkinçilik döredilmegini sorap, Türkmenistanyň Içeri işler we Daşary işler ministrliklerine, şeýle-de baş prokuraturasyna eden ýüzlenmeleriniň netije bermändigini, 22-nji fewral we 1-nji mart aralygynda Aşgabadyň halkara aeroportunda galyp, Türkiýä uçmaga yzygiderli synanyşandygyny habar berdi.

Omriuzak Omarkulyýew: Men soňra mart aýynyň 9-na hem Aşgabat howa menziline çykmakçy boldum, ýene-de yzyma gaýtardylar. Okuwymyny dowam etdirmek üçin yzyma gaýdym bilmejegimi aýtdylar. Indi men näme etjegimi bilmän galdym. Aýalym şu wagt Türkiýede. Ol hem kyn ýagdaýda galdy. Şu gürrüňler, başymdan geçen wakalar barada habar dünýä radiosynda çykan pursadynda meni belki-de dynç goýmazlar. Meni komitet işgärleriniň, howpsuzlyk işgärleriniň näme etjekdigini bilemok. Men bu taýdan hormatly prezidentimize ýüzlenmek isleýärin. Meniň Türkiýä okuwa dolanmagyma rugsat beriň. Maşgalam kyn ýagdaýda galdy. Aýalym alada edýär. Garaşýar.

​Türkiýede okaýan türkmenistanly aktiwist student Omruzak Omarkulyýewiň Azatlyk Radiosyna mart aýynda beren bu interwýusyndan soň ondan hiç hili habar bolmady. Birnäçe garaşsyz habar beriş serişdeleri onuň türkmen häkimiýetleriniň gysyşy astynda saklanýandygyny habar beripdi. Azatlyk Radiosy Omriuzagyň ykbaly barada üç aýa golaý wagt bäri yzygiderli maglumat almaga synanyşýar.

Bellemeli ýeri Ömriuzak Omarkulyýewiň Türkmenistana barmagy ýuduň saýlaw komitetiniň resmi çakylygy boýunça we Ankaradaky türkmen konsulhanasynyň başlygynyň guramaçylygynda amala aşyryldy. Azatlyk Radiosynyň konsulhana jaň edip, Ömriuzak Omarkulyýewiň ykbaly barada maglumat almak boýunça synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

XS
SM
MD
LG