Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroportunda zenanlar halkara reýslerinden düşürilýär


Aşgabadyň halkara aeroporty, maý, 2018
Aşgabadyň halkara aeroporty, maý, 2018

Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmakda duçar bolýan kynçylyklary dowam edýär. Aşgabadyň halkara aeroportunda ýaňy-ýakynda türkmenistanly zenanlaryň birnäçesiniň ýurduň daşyna goýberilmändigi bilen bagly wakalaryň ikisi Azatlyk Radiosyna mälim boldy.

Читайте также на русском

Ýakyn günlerde bir zenan ýurduň daşyna gidip bilýändigi barada migrasion gullugyndan resminama almandygy sebäpli Türkiýä goýberilmedi.

"Biziň elimizde dynç alyş hakyndaky resminamalar bardy. Adamymdan migrasion gullukdan resminama soramadylar, meni bolsa resminamasyz uçara goýbermediler. Soralan sprawkasy bolanlary hem hiç bir düşündirişsiz uçara goýbermediler. Şeýdip ýol, dokumentleri düzetmek üçin eden çykdajylarymyz biderek boldy, şeýle-de nerwler sarp edildi, köp alada boldy" diýip, Aşgabadyň halkara aeroportunda uçara goýberilmedik türkmenistanly zenan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmenistandan çykmaga synanyşýan raýatlaryň köpüsi gazanjyň gözleginde daşary ýurtlara gidýär. Türkiýe türkmenistanlylar üçin iň meşhur ýurtlaryň biri bolmagynda galýar, ilkinji nobatda-da wizanyň talap edilmeýändigi sebäpli. Emma resmi taýdan wiza talap edilmeýän hem bolsa, Türkiýä gitmekçi bolan türkmenistanlylaryň öňünde ýygy-ýygydan böwet döreýär.

Diňe şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara goýberilmezligi bilen bagly wakalaryň onlarçasy barada Azatlyk Radiosyna mälim boldy. Migrasiýa işgärleri sebäbini düşündirmezden ýolagçylary reýslerden düşürýärler.

Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri ýurduň içinde maşgalasyny eklemek üçin mümkinçilikleri bolmansoň daşary ýurtlara mejbury gitmeli bolýandygyny aýdýarlar.

Ýurduň häzirki ýagdaýynda bäş çagany eklemek maňa örän kyn diýip, Aşgabadyň aeroportunda öz obadaş zenanlarynyň reýsden düşürlendigine şaýat bolan türkmenabatly zenan gürrüň berdi.

"Men Türkiýä gazanja gitmek üçin aeroporta baranymda meniň ýanymda birnäçe obadaşym bardy, biz bile gitmekçi bolupdyk. Registrasiýa aýnasynda migrasiýa işgärleri biziň ählimiziň bir obadandygymyza göz ýetirdiler we pasportlarymyzy ellerimizden alyp bir birden başga otaga çagyryp soraga çekdiler" diýip Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkmenabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, migrasiýa gullugynyň işgärleri zenanlardan olaryň Türkiýä gitmeginiň maksady barada sorap, işlemek üçin barýandygyny anyklamak isläpdirler. Şeýle-de, soraglaryň arasynda maşgala ýagdaýy, adamsynyň, çagalarynyň bolup-bolmazlygy barada sowallar öňe sürlüpdir.

"Soragdan soň meni goýberdiler, meniň iş üçin gitmeýändigime göz ýetirendigini aýtdylar we ak ýol arzuw etdiler. Köpleri goýbermediler. Bir gyz aglady we iş üçin gitjek bolandygyny boýun aldy, ony hem goýbermediler" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýä gitmeginiň öňüniň alynmagyna degişli wakalaryň ençemesi öňem bolupdy. Şeýle-de, Türkmenistanyň howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň türkmen migrant zenanlaryny daşary ýurtlardan gaýtarmak üçin olaryň maşgalalaryna basyş etmegine degişli ýagdaýlar ýüze çykypdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň bellemegine görä, Türkmenistanda gazanç üçin daşary ýurtlara gitmek problemasy ýaşlaryň arasynda hem ýiti durýar. Ýaşlaryň köpüsi okuwyny gutaryp, öz ýurdunda işe ýerleşip bilmänsoň daşary ýurtlarda iş gözlemeli bolýarlar.

Munuň bilen bir wagtda, türkmen häkimiýetleriniň raýatlary, şol sanda migrantlar bilen deň derejede daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlary Türkmenistana gaýtarmak boýunça alyp barýan çäreleriniň ençemesi barada habar berlipdi.

Aprel aýynyň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri türkmen resmileriniň 30 ýaşyna ýetmedik türkmenistanlylary halkara reýslerine goýbermezlik karary barada habar beripdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň sebäbini düşündirmezden raýatlaryň Türkiýä gitmegine döredýän päsgelçilikleri sebäpli, soňky döwürde türkmenistanlylar goňşy ýurtlara ýagny Gazagystana, Özbegistana we Azerbaýjana has köp gidip başladylar.

XS
SM
MD
LG