Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy oppozisiýa liderini täzeden sud etmek talabyny ret edýär


Oppozisiýa lideri Ömürbek Tekebaýew

Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy oppozisiýa lideri Ömürbek Tekebaýewi gaýtadan sud etmek talabyny ret etdi, ol 2017-nji ýylda korrupsiýada aýyplanyp, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi we günäsini ret edýär.

Tekebaýewiň aklawçysyTaalaikul Toktakunowa 12-nji iýunda Azatlygyň Gyrgyz gullugyna Baş prokuraturanyň öz müşderisni gaýtadan sud etmäge esas görmeýändigini aýtdy.

Sudda Tekebaýewiň bähbitlerini goran aklawçylar biraz öň özleriniň iş materaillaryndaky gapma-garşylyklary ýüze çykarandyklaryny aýtdylar we munuň sudy täzeden geçirmäge esass berýändigini öňe sürdüler.

Tekebaýew we onuň iş şärigi, ozalky adatdan daşary ýagdaýlar ministri Duişonkul Çotonow para almakda günäli tapyldy we hersine sekiz ýyl iş kesildi. Olaryň ikisi-de bu günäni ret edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG