Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýa Makedoniýanyň täze adyna garşy çykyşlaryny dowam etdirýär


Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras (s) we Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaew, Sofiýa, 17-nji maý 2018

Günbatar liderleriniň Makedoniýanyň ady boýunça Gresiýa bilen dawasyna degişli meselede makullaýjy çykyş edýän wagtynda ýurtlaryň ikisiniň-de liderleri ylalaşygy milli parlamentlerden geçirmekde kynçylyga duçar bolýarlar.

Ylalaşygyň tankytçylary ýurtlaryň ikisinde-de ýöriş geçirip, 12-nji iýunda ylalaşygyň tassyklanmagyna garşy çykyşlaryny dowam etdirmegi wada berdiler.

“Şu günki gün Makedoniýa Respublikasy üçin agyr gündir” diýip, Makedoniýanyň oppozision partiýasynyň (VMRO-DPMNE) prezidenti Hristiýan Miçkoski aýtdy we ýurduň Demirgazyk Makedoniýa adyna eýe bolmagyny “galp ýeňiş” diýip atlandyrdy.

Miçkoski premýer-ministr Zoran Zaewiň Gresiýanyň öňünde “kapitulýasiýa” edendigini aýtdy.

Gresiýada hem oppozisiýa hökümeti tankyt edip, onuň demirgazyk goňşusyna Makedoniýa adyny ulanmaga rugsat bermegini ýazgardy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG