ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň bilelikdäki harby türgenleşikleriniň Demirgazyk Koreýany ýaragsyzlandyrmak boýunça gepleşikleri batlandyrmak maksady bilen ýatyrylmagy ähtimal. Bu barada Günorta Koreýanyň prezidentlik edarasyna salgylanyp, Yonhap agentligi 13-nji iýunda habar berdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp "Demirgazyk Koreýadan mundan beýläk ýadro howpy abanmaýar" diýip, 13-nji iýunda Tweeterde ýazdy.
Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen 12-nji ýunda Singapurda geçiren duşuşygynyň yzýany eden çykyşynda ABŞ-nyň Günorta Koreýa bilen yzygiderli häsiýetde geçirýän “örän prowokatiw” we gymmatbaha türgenleşikleri bes etjekdigini aýtdy.
Şol bir wagtda-da Demirgazyk Koreýa Trampyň ýaragsyzlanmak prosesini “ädime-ädim” amala aşyrylmak bilen ylalaşandygyny 13-nji iýunda mälim etdi. Ýurduň lideri Kim Jong Unyň Tramp bilen Singapurda geçiren taryhy sammiti barada eden ilkinji resmi beýanaty Koreýanyň Merkezi täzelikler agentligi tarapyndan ýaýradyldy.
Diysen yerlikli bellap geçilen sozler. Sagbolun.