Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Berdimuhamedowy TANAP-yň açylyşyna çagyrdy: Ol gatnaşmady, ‘gülençiler’ diýilýänleriň-de ykbaly nämälim


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan (çepde) bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda)
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan (çepde) bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda)

12-nji iýunda Türkiýäniň Eskişehir şäherinde bäş ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda Trans-Anadoly (TANAP) gazgeçirijisiniň açylyşy boldy diýip, Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadoly” habar agentligi habar berdi. 2-nji iýunda Rejep Taýýip Erdogan bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda türk tarapynyň başlangyjy bilen geçirlen telefon söhbetdeşliginde Erdogan türkmen kärdeşini dabara çagyrypdy, ýöne Berdimuhamedow açylyşa gatnaşmady.

Читайте также на русском

Açylyş dabarasynda eden çykyşynda Erdogan: “Energiýanyň Ýüpek ýoly atlandyrylýan Günorta gaz koridorynyň esasy sütüni bolan Trans-Anadoly gazgeçirijisiniň açylyşyny amala aşyrýarys” diýdi.

2018-nji ýyly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” yglan eden Berdimuhamedow bu halkara taslamanyň açylyşyna gatnaşmady. Ýogsam, döwlet eýeçiligindäki TDH 2-nji iýun güni Türkiýäniň prezidenti bilen Berdimuhamedowyň arasynda türk tarapynyň başlangyjy bilen telefon söhbetdeşliginiň geçirilendigini, onuň dowamynda Erdoganyň türkmen kärdeşini TANAP-yň açylyş dabarasyna çagyrandygyny habar berdi. Habaryň mazmunynda bu çakylyga “diplomatik ýollar arkaly bellenilen tertipde garalar” diýlip bellenip geçilipdi.

Aslyýetinde, Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesi mundan has ozal agzalýan telefon söhbetdeşlik barada maglumat berip: “Ýokarkyny açylyşa çagyrýarlar. Çakylyk kabul edilendigine garamazdan, ol oňa gatnaşmaz. Munuň özi onuň Türkiýä we Erdogana bolan gaharyny açyp görkezýär. Ol “gülençiler” diýilýänleri kösäp, türkleriň göwnüni awlaryn öýtdi. Ol türklerden kredit sorady, ýöne olar kömek etmek islänok. Sebäbi bizde bergini yzyna töläre ýagdaý ýok” diýipdi.

Ýene-de bir bellemeli ýagdaý, şu wakalaryň töwereginde başga-da bir “geň tötänlik” bolup geçýär. Ýagny, Azatlykda 30-njy maý güni “Hyzmat” hereketi diýilýänler bilen gatnaşyk saklamakda güman edilip, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen Türkmenistanyň “gülençi” diýilýän 18 raýatynyň Gadyr gijesinde geçiriljek günä geçişlikde azatlyga goýberilmeginiň ahmaldygy barada biri-birinden garaşsyz iki çeşmäniň habar bermeginde maglumat çap edilipdi.

Täsin tötänlik, maglumatyň çap edilmeginden, ýagny 30-njy maýdan heniz 3 gün geçip geçmänkä, 2-nji iýunda türk prezidenti Erdogan türkmen kärdeşine jaň edip, ony Oraza bilen gutlaýar, TANAP-yň açylyşyna çagyrýar we söhbetdeşligiň dowamynda başga-da “özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleler ara alyp maslahatlaşylýar”

Şeýlelikde, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen türkmenistanly “gülençi” diýilýänleriň Gadyr gijesi mynasybetli günä geçişlige ilip ilmändikleri häzirlikçe nämälimliginde galýar.

Galyberse-de, Birleşen Milletler Guramasynyň Eden-etdilikli tussag edilmeler boýunça Işçi topary geçen ýylyň noýabr aýynyň aýagynda geçiren 80-nji sessiýasynda gürrüňi edilýän 18 türkmenistanlynyň “eden-etdilikli ýagdaýda tussag edilendigi” barada netije çykardy.

TANAP barada aýdylanda, bu halkara taslama Günorta gaz koridorynyň bir bölegi bolup, onuň üsti bilen Bakunyň gazynyň Gürjüstanyň we Türkiýäniň üstünden Gresiýa, Ýewropa akdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Erdogan açylyş dabarasynda eden çykyşynda, bu taslamanyň başlangyç kuwwatynyň 16 milliard kub metr tebigy gaza deň boljakdygyny, agzalýan mukdaryň 6 milliardynyň Türkiýä, galan 10 milliard kub metr mawy ýangyjyň Ýewropa akdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny, galyberse-de, taslamanyň kuwwatynyň bildirilýän talaplara laýyklykda, ilki 21 milliard kub metre, soňlugy bilen onuň 31 milliard kub metre çenli artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

TANAP-yň açylyş dabarasyna Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç, Demirgazyk Kipr türk respublikasynyň prezidenti Mustafa Akynjy we öý eýesi Rejep Taýýip Erdogan gatnaşdy.

Türkmenistan Trans-Hazar gazgeçirijisini gurmak arkaly TANAP-a birikmäge isleg bildirýär. Ýöne Orsýet bilen Eýran arzuw edilýän taslamanyň Hazaryň gurşawyna zyýan ýetirjekdigini aýdyp, muňa garşy çykýar.

XS
SM
MD
LG