Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assad Eýranyň, Hizballa güýçleriniň Siriýada galmagyna mätäçdigini aýdýar


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad
Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad özüniň Eýranyň we Hizballanyň güýçleriniň kömegine mätäçdigini we olaryň näçe uzak zerur bolsa, şonça wagt hem ýurtda saklanyp galjakdygyny aýdýar.

Assad 13-nji iýun güni giçlik Eýranyň Al-Alam TW-sine beren interwýusynda Eýranyň, Orsýetden tapawutlylykda, Siriýada hiç bir harby bazasynyň ýokdugyny aýtdy. “Emma eýran harby bazasy zerur bolsa, biz şeýle baza bilen üpjün etmekden ýaýdanyp durmarys” diýip, Assa sözüniň üstüni ýetirdi.

"Orsýet bilen bolşumyz ýaly, Eýran hem biziň ýaranlykdaky ýurdumyz” diýip, Assad aýtdy. Şeýle-de ol Eýranyň harby geňeşjilerinden we söweşijilerinden, Yragyň şaýy milisiýasyndan we liwanly hizballa söweşijilerinden ýedi ýyla çeken we ýarym milliondan gowrak adamy öldüren raýat urşunda sünni pitneçileriniň garşysyna alnyp barlan söweşde uly goldaw alandygyny gürrüň berdi.

Ol bu söweşijileriň hökümete şindi hem gerekdigini, sebäbi ýurduň 40 prosent çemesi territoriýasynyň häzirlikçe pitneçi güýçleriň kontrollygynda galýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG