Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ dronynyň Pakistan talybanynyň liderini nyşana alandygy we öldürendigi aýdylýar


 “Tehrik-e-Taliban Pakistan” atly terror guramasynyň başlygy molla Maulana Fazlullah
“Tehrik-e-Taliban Pakistan” atly terror guramasynyň başlygy molla Maulana Fazlullah

Pentagon resmileri ABŞ dronynyň Pakistan serhediniň golaýyndaky owgan welaýatynda Pakistan talybanynyň liderini nyşana alandygyny we, tassyklanmadyk ýerli maglumatlara görä, ony öldürendigini aýdýarlar.

ABŞ-nyň harby resmileri 14-nji iýunda media TTP-niň ýa-da “Tehrik-e-Taliban Pakistan” atly terror guramasynyň başlygy molla Maulana Fazlullahyň 13-nji iýunda serhediň alkymyndaky Kunar welaýatynda nyşana alnandygyny aýtdylar.

“Roýters” habar gullugy, “Amerikanyň sesi we AFP bilen anonim şertde gürleşen amerikan resmileri Fazlulahyň durumynyň aýdyň däldigini aýtdylar ýa-da operasiýanyň şowly bolup-bolmandygyny aýtmakdan boýun gaçyrdylar.

14-nji iýundaky ýerli habarlarda onuň öldürilendigi aýdylýar.

Pakistan resmileriniň maglumatyna görä, 40 ýaşlarynda diýip bilinýän Fazlullah pakistan goşunynyň TTP-ä garşy gurnan giň gerimli hüjüminden soň Owganystana gaçyp atdy.

XS
SM
MD
LG