Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny: Orsýetli oligarhlar Dünýä kubogyna degişli maliýe serişdelerini ogurlady


Orseýtiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny
Orseýtiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny

Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny Moskwanyň Futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin eden çykdajylaryny tankytlap, oňa sarp edilen maliýe serişderleriniň käbir böleginiň prezident Wladimir Putiniň ýakyn töweregindäki barlykly biznesmenler tarapyndan ogurlanandygyny aýtdy.

14-nji iýunda özüniň türmeden boşadylmagyndan birnäçe sagat soň, şeýle-de Orsýetiň milli ýygyndysynyň Sauda Arabystanyny 5-0 hasap bilen ýeňmeginden birnäçe minut soň, göni wideo ýaýlym arkaly eden çykyşynda Nawalny orsýetli futbolçylaryň “ussatlyk” bilen çykyş edendigini aýtdy.

“Orsýetiň şeýle futbol çäresini gurnamagy örän gowy ýagdaý, ýöne men bir zada düşünemok, ýagny näme üçin bu çäräni gurnamak üçin biz muňa 14 milliard dollar çykdajy etmeli” diýip, Nawalny aýtdy.

Orsýetli resmiler çäräniň guramçylygynyň 13.2 milliarda barabar bolandygyny aýdýar.

“Men Dünýä kubogynyň geçirilmegine ýagdaýly çykdajy edilmeginiň tarapdary” diýip, Nawalny belledi.

Eden çykyşynda Nawalny halkara sport çäresini geçirmek üçin zerur bolan aeroportlaryň, stadionlaryň we beýleki desgalaryň gurluşygyna gatnaşan Putiniň ýakyn töweregindäki oligarhalara hüjüm etdi.

Ol hususan-da Boris Rotenberg we onuň inisi Arkadiý, şeýle-de Putine iň ýakyn leýtenantlaryň hatarynda görkezilýän Gennadiý Timçenko dagylaryň atlaryny aýratyn nygtap aýtdy.

“Rotenbergler we Timçenko 10 milliardlarça dollar gazandylar. Haçan-da men “gazandylar” diýenimde, siz muňa “ogurladylar” diýip düşünmeli. Biz ol adamlaryň Dünýä kubogyny bahanalap, has-da baýandyklaryna örän oňat düşünýäris” diýip, Nawalny aýtdy.

42 ýaşly Nawalny bir aýa çeken türme tussaglygyndan 14-nji iýunda azatlyga goýberildi. Ol ygtyýar berilmedik protestleri guramakda aýyplanyp, 1 aý tussaglyga höküm edilipdi.

“Men 30 günlük biznes saparymdan soň size täzeden goşulýaryn. Men azatlyga çykanyma örän begenýärin” diýip, ol Twitterde degişdi.

Prezident bilen “jet” Nawalny Putiniň täze möhlete prezidentlige dabaraly girişmeginiň öňýany 5-nji maýda Moskwada we ýurduň dürli künjünde geçirilen demonstrasiýalarda saklanan 1 müň 600 adamyň hatarynda gabalypdy.

Ýurtda mart aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna dalaşgärligi hökümsiz yglan edilen Nawalny orsýetlileri tutuş ýurtda “Biziň patyşamyz däl” diýen şygar asynda gurnalýan ýörişlere gatnaşmaga çagyrdy.

Nawalnynyň aklawçysy we goldawçylary onuň jogapkärçilige çekilmegini syýasy matlaply atlandyrdy. Nawalny özüne bildirilýän aýyplamalary “samsyklaç” häsiýetlendirdi.

Özüniň syýasy hereketleri sebäpli ençeme gezek tussag edilen Nawalny Instagram sahypasynda kinaýaly “postlary” çap edip, Dünýä kubogynyň öňýany türmelerdäki şertleriň gowulaşandygyny, şol sanda türmelere häzirki zaman hajathanalaryň we ýasy ekranly telewizorlaryň ýerleşdirilendigini aýtdy.

Ýöne şondan soň Nawalny sosial mediada paýlaşan maglumatlaryny aýdyňlaşdyryp, aýdan sözleriniň hakykata gabat gelmeýändigini, özüniň degişendigini aýtdy. “Maňa ynanalardan ötünç soraýaryn” diýip, ol ýazdy.

Kinaýaly maglumatlaryny göz öňünde tutup, ol: “Şol aýdylanlaryň hemmesi başdan soňa toslamady” diýip, ol YouTube-da eden çykyşynda aýtdy we gülüp: “Hemmelerden ötünç soraýaryn” diýdi.

“[Türmelerde] hajathana ýok pollarda henizem deşik ýerler bar. Telewizor ýok türmäniň bakjalarynda futbol oýnara derweze ýok” diýip, ol aýtdy.

Tanymal oppozisiýa wekili Nawalny 2011-2012-nji ýyllarda Putine garşy köp adamly demonstrasiýalara ýolbaşçylyk edip ýurtda oppozisiýanyň tanymal wekili boldy. Ýöne şondan bäri ol yzly yzyna dürli aýyplamalara duçar boldy.

Ol geçen ýylyň dowamynda ýurtda demonstrasiýa gurnamaga degişli kanunlary bozmakda aýyplanyp, üç sapar tussag edilipdi. Oňa köçede edilen ençeme hüjümleriň birinde gözüne zeper ýetip, lukmançylyk bejergisini almak üçin Ispaniýa sapar etmäge mejbur bolupdy.

ÝB we ABŞ Nawalnynyň we onuň goldawçylarynyň tussag edilmegini “demokratiki däl hem-de söz azatlygyna degişli adam hukuklarynyň bozulmagydyr” diýip ýazgarypdy.

XS
SM
MD
LG