Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oraza baýramynda daşoguzly býujet işgärleri sport çärelerine gatnaşdyryldy; köçeler ýapyldy


Türkmenistanda geçirilen köpçülikleýin çäreleriň birine gatnaşan býujet işgärleri
Türkmenistanda geçirilen köpçülikleýin çäreleriň birine gatnaşan býujet işgärleri

Şu gün Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär. Bu gün ýurtda dynç güni diýlip yglan edilendigine garamazdan, Daşogzuň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärler sport çärelerine gatnaşmaga mejbur edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi habar berýär.

“Welaýatda geçirilýän sport çäreleri, ýagny awto we welosiped ýörişleri sebäpli ýollaryň we köçeleriň ençemesi ýapyldy. Bu ýaşaýjylaryň irden baýram namazlary okalýan metjitlere barmagyny kynlaşdyrdy. Adamlaryň köpüsi uzak aralyklary ýöräp geçmeli boldy. Bir tarapdan, özleriniň resmi dynç günlerinde çärä gatnaşmaga mejbur edilen býujet işgärleri kösenen bolsa, beýleki tarapdan adaty ýaşaýjylar hem bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz boldy” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiz aýtdy.

Şeýle-de, ol bu çäräniň býujet işgärlerine gymmada düşendigini belläp, sözüni şeýle dowam etdirdi: “Welaýatda býujet işgärleri ýaşyl welosiped, ak reňkli sport geýmini we ak reňkli sport köwüşlerini satyn almaga mejbur edildi. Söwdegärler olaryň bahalaryny iki esse gymmatlatdy. Häzir söwda nokatlarynda ak reňkli sport lybaslary we ak reňkli sport aýakgaplary tapdyrmaýar”.

Söhbetdeşimiziň bellemegine görä, daşoguzly býujet işgärleri gürrüňi edilýän awto we welosiped sport çärelerine ençeme gün öňünden taýýarlyk görüp başladylar we bular “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda “syýasy propaganda sahnalarynyň” üstüni ýetirmek maksady bilen Daşogzuň taryhy ýerlerinde geçirilýär.

Belläp geçsek, şu ýyl 15-nji iýunda bellenilýän Oraza baýramy Türkmenistanyň prezidentiniň permany bilen iş güni däl diýip yglan edildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň permanynda bu kararyň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar tarapyndan ýerine ýetirilmelidigi aýdylýar.

Bu permana garamazdan, bu sport çäreleriniň näme sebäpden Oraza baýramynyň bellenilýän güni geçirilýändigi we oňa býujet işgärleriniň mejbury gatnaşdyrylmagy barada Daşogzuň welaýat häkimliginden haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Emma belläp geçsek, Türkmenistanda döwlet işgärleriniň we ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň, hünär we orta mekdepleriň okuwçylarynyň resmi dynç günlerinde ýa-da okuwlarynyň, işleriniň ýatyrylyp, ýurtda uly dabara bilen bellenilýän we resmi mediada giňden mahabatlandyrylýan baýramçylyk çärelerine mejbury gatnaşdyrylmagy bilen bagly tejribäni indi ençeme ýyl bäri synlasa bolýar. Şeýle-de, çärä gatnaşyjylar bu dabaralarda geýmeli egin egin-eşikleri hem köplenç öz hasabyna almaly bolýarlar.

Şuňa meňzeş ýagdaý şu ýylyň 21-nji martynda Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen köpçülikleýin çäreler bilen baglanyşykly hem gaýtalanypdy. Şonda 21-nji mart dynç güni diýlip yglan edilendigine garamazdan, döwlet işgärleriniň we ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň ýüzlerçesi Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga mejbur edilipdi.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatyndaky çeşmämiz türkmen metbugatynda ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çärelere býujet işgärleriniň mejbury däl-de, hamana, öz erkine gatnaşýan ýaly edilip görkezilýändigine, bularyň ilata ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýdylmaýandygyna hem ünsi çekip, şeýle diýýär:

“Býujet işgärleri gyşyň sowugynda, tomsuň yssysynda umumy iş wagtynyň ýarysyny diýen ýaly çärede geçirýärler. Hemmeler çärede, iş edýän ýok. Haýsy edara-kärhana bolsun tapawudy ýok, işgärleriň eden işine görä däl-de, olaryň çärä nähili gatnaşýandygyna görä baha berilýär” diýip, söhbetdeşimiz belledi.

XS
SM
MD
LG