Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýetdäki Futbol çempionaty mahalynda 'terrorizm' howpuny duýdurýar


Orsýet, Ýekaterinburgda gurlan täze stadion.
Orsýet, Ýekaterinburgda gurlan täze stadion.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Orsýetde geçirilýän we bir aýa uzajak dünýä futbol çempionatyny “terrorçylaryň” nyşana almak ähtimallygyny duýdurýar, emma anyk bir howpy agzamaýar.

15-nji iýunda çap edilen syýahat maslahatynda, “terrorizm” we rus hukuk goraýjylary hem-de beýleki resmileri tarapyndan “ýanalmak we pul bermäge mejbur edilmek” howpy zerarly, ABŞ öz raýatlaryny Orsýete syýahat etmek meselesine gaýtadan seretmäge çagyrýar.

"Dünýä futbol çempionaty ýaly giň gerimli halkara çäreleri terrorçylar üçin bir özüne çekiji nyşana bolup durýar” diýip, Döwlet departamenti aýtdy.

“Yslam döwleti” ekstremist topary geçen ýylyň aýagyndan bäri sosial media arkaly bu oýunlary bölmek haýbatyny atýar. Rus resmileri özleriniň ýeterlik howpsuzlyk çärelerini görendiklerini we Moskwada hem-de oýunlaryň geçýän beýleki 11 şäherinde müňlerçe howpsuzlyk işgärini ýerleşdirendiklerini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG