Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda iki günde bolan partlamalarda elliden gowrak adam öldürildi


Partlama bolan ýer barlanýar. Arhiw suraty

Nangarhar welaýatynda janyndan geçen bombaçy azyndan 17 adamy öldürdi diýip, resmiler aýtdylar.

Welaýat gübernatorynyň sözçüsi Attaullah Khogýani 17-nji iýundaky partlamanyň welaýat paýtagty Jajalabatda bolandygyny aýtdy.

Howpsuzlyk resmileri 49 adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Bu welaýatda bir gün öň, “Talyban” we hökümet güýçleriniň agyz beklenýän Oraza aýynyň soňlanmagyny we ýaraşygy bellemek üçin ýygnanyşan ýerinde özüni partladan bombaçy azyndan 36 adamy öldürdi.

16-njy iýunda, prezident Aşraf Ganininiň “Talyban” bilen ýaraşygyň möhletiniň uzaldylýandygyny yglan edýän we jeňçi topary hem şeýtmäge çagyrýan wagtynda bolan ganly partlamanyň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” jeňçi topary öz üstüne aldy.

Welaýatyň saglyk departamentiniň direktory Najibullah Kamawal 16-njy iýunda bolan hüjümde 65 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Nangarhar welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Attaullah Khogýani Azatlyk radiosyna hüjümde ýaraly bolanlaryň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Onlarça "Talyban" agzasy 16-ny iýunda irden ýaragsyz, Eýd baýramyny bellemek üçin paýtagt Kabula gelip girdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG