Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran polisiýa ofiserlerini öldürmekde aýyplanan adamy jezalandyrdy


Eýranly Gonabadi derwişi Mohammad Reza Salas sud diňlenişiginde, Tähran 11-nji mart, 2018.
Eýranly Gonabadi derwişi Mohammad Reza Salas sud diňlenişiginde, Tähran 11-nji mart, 2018.

Eýranyň häkimiýetleri jezany ýatyrmak barada edilen çagyryşlara garamazdan, Sufi toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda bolan çaknyşygyň dowamynda üç polisiýa ofiserlerini öldürmekde günälenen adamy jezalandyrdylar.

Adalat edarasynyň websaýtynda çap bolan maglumatda Mohammad Reza Salasyň 18-nji iýunda irden asylyp jezalandyrylandygy aýdylýar.

51 ýaşly adam mart aýynda sud edilip, ölüm jezasyna höküm edilipdi. “Amnesty International” suduň “örän adalatsyz bolandygyny” aýtdy.

Üç polisiýa ofiseri fewral aýynda Tähranda iň uly Sufi guramasynyň tarapdarlarynyň geçiren protest çykyşynyň dowamynda olaryň howpsuzlyk güýçleri bilen arasynda dörän çaknyşykda wepat bolupdy.

Derwişler diýlip tanalýan Nemattolah Gonabadi dini ordeniň taradarlary toparyň agzalarynyň tussag edilmezligini talap edipdi.

Sufism Eýranda gadagan edilmeýän hem bolsa, adam hukuklaryny goraýjylar oňa uýýan dinçileriň hökümet tarapyndan yzarlanýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG