Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy


Kiýew, 19-njy iýun, 2018

Ukrainanyň paýtagtynda protestçileriň ençemesi, şol sanda dag magdançylar, Çernobylyň halas edijileri we Owganystanda gulluk eden sowet weteranlary polisiýa bilen çaknyşdy.

19-njy iýunda bolan protest çykyşlaryň dowamynda 2000-den gowrak protestçi polisiýanyň kordonyny böwsüp, parlamentiň binasyna girmägä synanyşdy.

Polisiýa göz ýaşardyjy gazy ulandy, emma protestler dowam etdi.

Protestlere Sowet Soýuzynyň Owganystanda 1979-1989-njy ýyllarda alyp baran urşunyň weteranlary we 1986-njy ýylda Çernobyl ýadro reaktorynda bolan partlamanyň netijelerini arassalamak üçin iberilen gullukçylar, şeýle-de dag magdançylary we Ukrainanyň gündogarynda orsýetçi separatistlere garşy söweşen ukrainler gatnaşdy.

Olaryň öňe süren talaplary jemgyýetçilik transport töleglerine degişli ýeňillikleriň kämilleşdirilmegine, maýyp weteranlara döwlet kömeginiň artdyrylmagyna we ýurduň magdançlyk pudagyna has köp pul ýatyrylmagyna degişli boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG