Gyrgyzystanyň häkimiýetleri ýurduň öňki hökümet baştutanlarynyň ýene birini korrupsiýa bilen bagly aýyplamalaryň esasynda tussag etdiler.
Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti Jantoro Satybaldiýewiň 18-nji iýunda tussaghana salnandygyny mälim etdi.
Öňki prezident Almazbek Atambaýewiň goly astynda 2012-2014-nji ýyllarda gyrgyz hökümetine baştutanlyk eden Satybaldiýew Bişkekdäki energiýa kärhanasyny täzelemek işlerinde para almak aýyplamasy bilen ilteşikli tussag edildi.
Bu iş bilen baglylykda 5-nji iýunda premýer-ministr Sapar Ishakow, Bişkegiň öňki häkimi Kubanyçbek Kulmatow we öňki energiýa ministri Osmonbek Artykbaýew tussag edildi.
2017-nji ýylyň awgust aýynda Atambaýew tarapyndan bellenen Ishakow aprel aýynda saýlawlaryň netijesinde öz hökümetiniň dargamagyndan soň wezipesinden mahrum bolupdy.