Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Ejemiziň, kakamyzyň ugradan puly näme üçin bize berilmeýär?”


Türkmen ýaşlary. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň daşynda bilim alýan studentleriň türkmen banklarynda açylan öz plastik kartlaryndan pul çekmekdäki kynçylyklary dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna her gün diýen ýaly maglumatlar, ýüzlenmeler gelip gowuşýar.

Azatlyk Radiosy bilen Orsýetiň Saratow regionyndan habarlaşan türkmenistanly student türkmen VISA we Mastercard plastik kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp ýa-da nagt däl hasaplaşyklar üçin ulanyp bolmaýandygyny we munuň bilen bagly studentleriň umumy ýaşaýyş jaýyndan kowulmak, ýatmaga ýer tapmazlyk ýaly dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny gürrüň berdi.

“Pulsuzlyk zerarly ähli studentler diýen ýaly işläp başlady. Studentleriň eýýäm 30%-niň aşgazanynda problema bar. Meselem, meniň dostumyň aşgazanynda ýara bar we bu diňe bir waka. Käbir studentleri umumy ýaşaýyş jaýyndan çykardylar. Olaryň käbirleri dostlarynyň öýünde ýaşasa, käbirleri üçünji etaža münüp, umumy ýaşaýyş jaýyna girýärler. Olar bu ýerden ýykylybam bilýärler. Käbir studentler bolsa, otly wokzalynda ýa-da aeroportda ýatýarlar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran türkmen studenti aýtdy.

Ol bu mesele bilen bagly gyzlaryň ýagdaýynyň has-da ýaramazdygyny, ýagny olaryň pulsuzlyk zerarly ten satmaga baş goşýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Käbir gyzlar jelephanada işleýärler we bu diňe meniň okaýan şäherimde däl, başga-da ençeme şäherde ýagdaý şeýle. Bu barada aýtmaga utanýaryn. Türkmenistanda jelepçilige garşy göreşýärler, ýöne ýagdaý şeýle bolsa, bu hiç haçan başa barmaz. Sebäbi türkmen halky açlyk çekýär. Men hatda ogrulyk edendigi sebäpli Orsýetiň türmesinde tussaglykda saklanýan türkmen studentiniň bardygyny bilýärin” diýip, student sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosy bilen Orsýetiň Astrahan regionyndan habarlaşan ýene bir türkmen studenti hem, 11-nji iýundan bäri öz plastik kartyndan pul alyp bilmeýändigini, ýene-de birnäçe günden öýüne, ýagny Türkmenistana dolanmalydygyny, ýöne munuň üçin hem pulunyň ýokdugyny gürrüň berdi.

“Kartymdan öňem 15 günläp pul alyp bilmedim. Şondan soň kartym maý aýynyň soňunda gaýtadan açylypdy. Indi ýene petiklenip dur, hiç hili pul alyp bolanok. Pulumam ýok. Hälem okuw gutardy, ýogsam ýol kireýine-de pul gerek bolardy. Hemme zatdan doýdum. Şu gün ýene-de pul aljak boldum, ýöne alyp bilmän, häzir aglap geldim” diýip, türkmenistanly student öz başdan geçirýän ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Daşary ýurtda okaýan türkmen studentleriniň ýene biri Azatlyk Radiosynyň üsti bilen türkmen häkimiýetlerine ugradan ýüzlenmesinde käbir plastik kartlaryň bökdençsiz işleýändigine, ýöne käbirleriniň indi iki aý bäri hiç bir bank amallaryny ýerine ýetirmeýändigine ünsi çekip, şeýle diýdi:

“Men 15 günden bäri pul alyp bilemok, käbirleri iki aý bäri pul alyp ýör. Olar günde keýp edýärler. Biz açlykdan öljek bolýarys. Türkmenlerde ‘Däliniň belläni...’ diýen söz bar. Siziňem belläniňiz studentler boldy. Men siziň her günki täze kada-kanunlaryňyzdan ýadadym, ýürege düşdüňiz. $10 algysy bar käbir studentler beýleki studentden algysyny aljak bolup, otaglaryň gapylaryny döwüp, masgara bolup ýörler” diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmen studenti ýazýar.

Şeýle-de, türkmenistanly student özleriniň ene-atasynyň “gara der döküp” gazanan pulunyň näme sebäpden özlerine berilmeýändigine hem düşünip bilmeýändigini aýdyp, işini başarmaýan döwlet işgärlerini işden çekilmäge çagyrýar.

“Daşary ýurtlarda ähli zat gymmatçylyk, siz ony bizden gowy bilýäňiz. Näme sebäpden ol gymmatçylygy bilip, biziň kartlarymyzy bloklaýaňyz? Siz kompýuteriň başynda oturyp, studentleriň ejesinden-kakasyndan nagt görnüşli puly sanap alyp, bank üçinem prosent alyp galýaňyz. Siz enter düwmesine basmagy kyn görýäňizmi? Biziň ejemiziň, kakamyzyň puluny bize bermegi kyn görýäňizmi? Studentleriň kartlaryny dolandyryp bilmeýän bolsaňyz, stoluňyzda oturmaň” diýip, türkmen studenti sözüni jemledi.

Belläp geçsek, 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi söwdasyny ýatyrany bäri, türkmen raýatlary 1 amerikan dollary 3,5 manat diýlip kesgitlenilen resmi kurs boýunça öz plastik kartlaryna goýan belli bir möçberdäki türkmen manadyndan soňra daşary döwletlerde peýdalanyp bilýärler.

Türkmenistanyň “gara bazarynda” dollaryň nyrhy 20 manatdan hem aşan mahaly, ýurduň banklary tarapyndan açylan plastik kartlar türkmenistanlylar üçin resmi kurs esasynda türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna öwürmek boýunça esasy mümkinçilik bolup durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG