Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranyň Rewolýusiýa goragçylarynyň başlygy ABŞ bilen göni gepleşikler teklibini ret edýär


General Mohammad Ali Jafari

Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň başlygy eýranly aktiwistleriň uzaga çeken oňuşmazlyklary aradan aýyrmak üçin ABŞ bilen göni gürleşmek baradaky çagyryşyny ret etdi we olary “ABŞ-nyň, halkyň duşmanynyň tarapyny tutmakda” aýyplady.

"Birleşen Ştatlar bilen düşünişmek Yslam respublikasynyň ölümini aňladýar” diýip, general Mohammad Ali Jafariniň aýdan sözleri 19-njy iýunda ISNA habar gullugy tarapyndan sitirlendi.

Eýran syýasatynyň aram we reformaçylar lagerine degişli 100-den gowrak aktiwist hepde aýagynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Koreýa ýarymadasyny ýadro ýaraglaryndan saplamak üçin Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen ylalaşyk baglaşmagyny gutlady.

Köpüsi daşary ýurtlarda ýaşaýan aktiwistler eýran mediasynda çap edilen beýanatlarynda Tährany, iki ýurduň arasynda Eýranyň 1979-njy ýylda bolan Yslam rewolýusiýasyndan bäri gelýän duşmançylygy bes etmek üçin, “şert goýmazdan”, göni gepleşiklere başlamaga çagyrdylar.

Bu hata gol çekenleriň biri, reformaçy partiýa ýolbaşçylyk edýän Gholamhossein Karbasşi özgerişlige tarapdar “Etemad” gazetine Eýran, eger-de Birleşen Ştatlar we Tramp gaýdyp hiç wagt öz borçnamalaryndan yza çekilmejegine ynandyrsa”, “gepleşiklere taýýardygyny” aýtmaly diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG