Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan köpaýallylygy kanun taýdan gadagan etdi


Täze gelin, Aşgabat

Türkmenistanda köpaýallylyk kanun taýdan gadagan edildi. Köpaýallylygy gadagan edýän düzgünler we terminiň özi Türkmenistanyň maşgala ködeksine girizildi.

Читайте также на русском

Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan gol çekilen we 19-njy iýunda milli metbugatda çap edilen kanuna görä, "Maşgala kodeksiniň" 7-nji maddasyna girizilen düzedişlere laýyklykda, "Türkmenistanda köpaýallylyga ýol berilmeýär" we "iki ýa-da birnäçe aýal bilen bir wagtda ýaşaşmak hem umumy hojalygy dolandyrmak köp aýallylyk hasaplanylýar".

Gadagançylyk 2018-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda güýje girýär.

Türkmenistanyň 2012-nji ýylda kabul edilen "Maşgala kodeksinde" ikinji gezek öýlenmeklige gadagançylyk göz öňünde tutulýardy, indi köpaýallylyk termini hem girizildi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksinde iki aýallyk üçin zähmet-düzediş işlerine çekilmek ýa-da uly mukdarda jezerime tölemek jezasy göz öňünde tutulypdy.

Muňa garamazdan, ýerli synçylaryň sözlerine görä, köpaýallylyk ýurtda giňden ýaýrapdyr we bu ýagdaý 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda başlanypdyr.

Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, köpaýallylyk agyr ykdysady kynçylyklaryň, ilatyň uly böleginiň garyplyga uçramagynyň we şol bir wagtda-da örän baýlaryň gatlagynyň emele gelmeginiň fonunda ýüze çykypdyr. Bu ýagdaýda köpaýallylyk belli bir derejede status meselesine hem öwrülip, aýallaryň sany erkek adamyň üpjünçiligini görkezýän alamatlaryň biri bolupdyr. Köpaýallylaryň arasynda wezipe başyndaky resmiler hem duş geldi.

"Köplenç ol ýa beýleki resmini işden çetleşdirenlerinde onuň näçe aýalynyň bardygy hem telewizordan açyk aýdyldy" diýip, Amanmyrat Bugaýew belledi.

Türkmenistan dünýewi döwletdir, emma ilatyň uly bölegi musulman. Yslam dini dört aýal almaga rugsat berýär.

Emma Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, Türkmenistanda köpaýallylyk meselesinde yslam düzgünleri köplenç birnäçe aýally bolmagy kanunlaşdyrmak ugrundaky gurallaryň biri hökmünde ulanyldy. Birden artyk maşgalaly bolmak yslam däp-dessurlaryna laýyklykda nika esasynda düzgünleşdirildi. Kanuna laýyk resmileşdirilmedik gatnaşyklar bolsa soňra aýallaryň we çagalaryň hukuksyz galmagyna hem kanun taýdan goragsyzlygyna ýol açdy.

Geçmişde ýurduň ýolbaşçylary köpaýallylygy kanunlaşdyrmak meselesini gozgapdy.

1993-nji ýylda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýurduň Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny yglan edenden soň köpaýallylygy kanunlaşdyrmagy teklip etdi. Ol munuň taryhda türkmenlere mahsus däp-dessur bolandygyny bellemek bilen öz teklibini jemgyýetde ahlaksyzlygyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen düşündirdi.

"1993-nji ýylda prezident Saparmyrat Nyýazow maşgala mertebesini goramak hakynda kanun kabul etmegi teklip edipdi. Oňa laýyklykda erkek adama kanun taýdan dörde çenli aýal almaga rugsat bermek göz öňünde tutulypdy. Ýörite komissiýa döredilipdi. Emma şonda prezidentiň teklibine türkmen intelligensiýasy tarapyndan garşylyk bildirilipdi" diýip, synçy Amanmyrat Bugaýew belledi. Onuň sözlerine görä, şu günki gün köpaýallylygyň giňden ýaýran ýagdaý bolmagyna garamazdan, bu temadan türkmen jemgyýetinde öňküsinden az diskussiýa edilýär.

Eger-de, öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň teklibi kabul edilen bolsa, Türkmenistan köpaýallylygy kanun taýdan ykrar eden ilkinji postsowet ýurduna öwrülip bilerdi diýip, The New Arab neşri belleýär.

Azatlyk Radiosy bilen Telegram arkaly habarlaşyň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG