Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezident Duşenbede geçirilýän suwly maslahata gatnaşýar, synçylar daşky gurşawa aladaly garaýar


Duşenbede geçirilýän “Durnukly ösüş üçin suw” atly halkara maslahatdan bir pursat

Şu gün 20-nji iýunda prezident Berdimuhamedow Täjigistana iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda “Durnukly ösüş üçin suw” atly halkara maslahata gatnaşýar diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynda Aşgabatda Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça strategiýasyny, şeýle-de BMG-niň suw strategiýasyny taýýarlamak boýunça türkmen resmileriniň teklipleriniň bardygy mälim edilýär. Ýöne teklipleriň mazmuny aýdyňlaşdyrylmaýar.

Prezident Duşenbede geçirilýän halkara suw maslahatyna gatnaşýar.
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:11 0:00

Türkmen prezidentiniň suw bilen bagly halkara maslahata gatnaşýan wagty, ýerli synçylar Türkmenistanda Aralyň halas edilmegi, suwuň rejeli ulanylmagy we daşky gurşawyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi barada iş ýüzünde edilýän işleriň ýabygorlydygyny aýdýarlar.

Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew hususan-da Araly halas etmek boýunça türkmen tarapynyň halkara maslahat geçirmekden başga iş ýüzünde bitirýän işleriniň ujypsyzdygyny anyk mysallar bilen belläp geçdi.

“Soňky 10-12 ýyllykda geçirilýän maslahatlaryň öňüne “halkara maslahat” diýlen bir epiteti goşmagam ýoň boldy. Ýöne edilýän iş welin göze ilenok, ýogsam bolmasa Araly halas etmek boýunça Bütindünýä komitetiniň işine 2017 – 2019-njy ýyllarda Türkmenistan ýolbaşçylyk edýär” diýip, Bugaýew belledi.

Şu nukdaýnazardan çemeleşilende, hususan-da Türkmenistanda aňryçäk işleriň edilmelidigini nygtan synçy bu komitetiň düzümine diňe bir Aral basseýininde ýerleşýän döwletleriň däl, eýsem, dünýäniň senagat taýdan ösen ýutlarynyňam girýändigini aýdyp sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmen metbugaty Araly halas etmek boýunça Aşgabatda geçirilýän duşuşyklara ýygy-ýygydan ünsi çekýär. Ýöne aşgabatly synçynyň aýtmagyna görä bu tebigy betbagtçylyga garşy göreşmekde Türkmenistanda döredilendigi aýdylýan Ýörite komitetiň alyp barýan işleri düýpli çäkli bolmagynda galýar.

“Türkmenistanyň özünde Araly halas etmek boýunça Ýörite komitet işleýär diýýärler. Şol komitete Ylymlar akademiýasynda bir otag berlen. Şol bir otagda oturan [komitetiň] jemi üç sany işgäri bar – başlyk, ýerine ýetiriji hünärmen hem-de sekretar maşinistka. Ine, şol Araly halas etmek boýunça Türkmenistanda uly işler alyp barýar diýilýän [topar üç adamdan ybarat]. Şondan başga ýörite ylmy barlaglar geçirilenok, ýa-da bolmasa beýleki döwletleriň Aral boýunça beren rekomendasiýalary amal edilenok” diýip, synçy iş ýüzünde alnyp barylýan işler boýunça maglumat berdi.

Aral deňziniň Merkezi Aziýada howanyň hiline täsiri barada gürrüň edilende, ýatlasak, 26 – 28-nji maý aralygynda Aral deňziniň üstünde gaý-harasatyň turmagy bilen Türkmenistanyň we Özbegistanyň käbir çäklerinde ýaramaz howa şertleri ýüze çykdy. Ýerli synçylar munuň adamlaryň saglyk ýagdaýyna oňaýsyz täsir edendigini, şeýle-de bu hadysanyň ekerançylyga ýaramaz täsir edendigini aýdýarlar.

Döwlet mediasy prezident Berdimuhamedowyň Täjigistanda geçirilýän “Durnukly ösüş üçin suw” atly maslahata gatnaşmagyny Türkmenistanyň “BMG-niň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlyga, ählumumy durnukly ösüşiň bähbitlerine suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak ulgamynda tejribe alyşmaga taýýardygynyň nobatdaky subutnamasydyr” diýip düşündirýär.

Aşgabatly synçy Bugaýewiň ynanjyna görä, geçen asyryň 60 – 70-nji ýyllarynyň dowamynda Garagum kanalynyň çekilmegi bilen türkmenlerde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak medeniýeti kütelişip başlaýar.

“Geçen asyryň 60-njy 70-nji ýyllarynyň dowamynda Türkmenistana Garagum kanalynyň gelmegi bilen des-deň derejede suwy bisarpa ulanmak, bar bolan suwa eýeçilik gözi bilen seretmek diýlen zat aradan kem-kem aýrylyp başlandy. Sebäbi, ýokary derejeli wezipeli adamlarda-da, oba hojalygynyň orta zwenosynda işleýän kolhoz başlyklarda-da, agronomlarda-da Garagum kanaly suwa bolan ähli talaby ödär diýen düşünje kemala geldi” diýip, synçy Türkmenistanda suwy bisarpa ulanmak edähediniň düýp alýan onýyllyklarynyň geçmişi barada gysga gürrüň berdi.

Türkmenistanly daýhanlaryň onlarçasy Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeşlikde suwarym suwlarynyň ýetmezçiligi bilen baglylykda, soňky ýyllarda ekerançylygyň agyr günlere duçar bolýandygyny, munuň atyzlardan ýygnalýan hasyla ýaramaz täsir edýändigini belleýärler.

Türkmen metbugaty ýurtda ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak ugrunda-da netijeli işleriň alnyp barylýandygyny öňe sürýär, ýöne ýerli synçy daşky gurşawyň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny, bina edilýän önümçilik desgalarynyň, zawodlaryň ekologiýa howpsuzlygy göz öňünde tutulmazdan gurlup işledilýändigini aýtdy.

“Ekologiýa hakynda-da edilýän owadan gürrüň kän, ýöne amal edilýän iş az. Adamy aldap bolýar, ýa-da boýun edip bolýar syýasy mahabat bilen ýa-da berilýän zabundan zabun görkezme bilen, ýöne tebigatyň özüni aldap bolanok. Meselem, Hazar deňzine gyşlamaga gelýän guşlaryň görnüşem soňky on ýylyň dowamynda juda azaldy” diýip, synçy belledi.

Berdimuhamedowyň Täjigistana edýän saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegine garaşylýandygy habar berilýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG