Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýa rus jenaýat ketdesi hasaplanýan Gagiýewi Moskwa berdi


Wena, polisiýa awtoulagy

Orsýetde bir topar adamyň şertnama esasynda öldürilmeginde güman edilýän jenaýat başlygy, uzaga çeken kanun göreşinden soň, Awstriýadan Moskwa ekstradisiýa edildi diýip, Orsýetiň Içeri işler ministrligi aýdýar.

Ministrligiň sözçüsi Irina Wolk 20-nji iýunda 47 ýaşyndaky Aslan Gagiýewiň (Dzhako diýip hem tanalýar) polisiýanyň we türme ofiserleriniň ugratmagynda Moskwa uçurylandygyny aýtdy.

Awstriýanyň iň ýokary sudy Gagiýewiň ekstradisiýa edilmegine garşy ýazan şikaýat arzasyny ret etdi.

Gagiýew daşary ýurda 2013-nji ýylda, jenaýatçylykly topar gurnap, garakçylyk, adam öldürmek, ýarag söwdasy we ogurlyk bilen meşgullanmak aýyplamalarynda aýyplanandan soň gaçdy diýip, Wolk aýtdy.

Orsýet Gagiýewiň toparyny 60 adamy, şol sanda demirgazyk Osetiýada Wladikawkazyň şäher häkimini, şeýle-de regionyň premýer-ministriniň ozalky orunbasaryny öldürmekde aýyplady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG