Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýalylar korrupsiýa garşy kanunlaryň gowşadylmagyna garşy protest bildirýär


Protestçiler. Buharest, 20-nji iýun, 2018

Ýokary derejedäki korrupsiýa ýol açjakdygyny aýdyp, müňlerçe rumyniýaly 20-nji iýunda täze kabul edilen kanuna garşy proteste çykdy. Olaryň käbiri polisiýa bilen gysga wagt ýakalaşsa, birnäçesi tussag edildi.

Paýtagt Buharestde toplanan protestçiler rumyn, amerikan we ÝB baýdaklaryny galgadyp, ýurduň dolandyryjy Sosial Demokratik partiýasyny “gyzyl mergi” we “orgular” diýip atlandyrýan şygarlary göterdiler.

Oppozisiýadaky kanun çykaryjylar gykylykçy protestçileriň käbirine parlament binasyna girmek mümkinçiligini berdiler.

Bu protestler kanun çykaryjylaryň 18-nji iýunda jenaýatçylyk jogapkärçiligi kanunlarynyň ýeňledilmegini tassyklanmagyna jogap edilip gurnaldy.

Tankytçylar bu çäräniň korrupsiýany derňemek tagallalaryny bökdeýändigini aýdýarlar. Paýtagtdan beýleki şäherlerde hem kiçiräk protestler gurnaldy.

20-nji iýunda polisiýanyň bir topar adamy, şol sanda Rumyniýadaky korrupsiýa garşy protestleri aýlap beýan edýän german žurnalisti Paul Arne Wagneri tussag edişi göründi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG