Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisiniň Moskwa geljegini aýdýar


ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton

Kreml ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Boltonyň Moskwa sapar etmegi planlaşdyrýandygyny habar berýär.

"Biziň bilşimize görä, şeýle sapar hakykatdanam ediler. Bu biziň häzir aýdyp biljek bar zadymyz” diýip, prezident Wladimir Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow 21-nji iýunda Moskwa Boltonyň saparyna garaşýarmy diýip berlen soraga jogap berende žurnalistlere aýtdy.

Orsýetiň “Interfax” habar gullugy biraz öň Waşingtondaky çeşmelere salgylanyp, Boltonyň indiki hepde Moskwa sapar etmegine garaşylýandygyny, belki-de onuň Putin bilen onuň amerikan kärdeşi Donald Trampyň mümkin bolan duşuşygyny taýýarlamaga gelýändigini habar berdi.

Peskow 9-njy iýunda iki prezidentiň mart aýynda bolan telefon gürrüňlerinde geljekde nazarda tutulýan duşuşyk we onuň boljak ýeri hakynda gürleşendiklerini, ähtimal duşuşyk ýeri hökmünde Awstrianyň paýtagty Wenanayň agzalandygyny, emma heniz anyk ylalaşygyň ýokdugynay aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti mart aýynda basym Putin bilen duşuşmakçydygyny aýtdy, emma şondan bäri geçen döwürde Siriýadaky konfliktiň we Britaniýada ozalky rus içalysynyň zäherlenmeginiň üstünde Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky ýagdaý ýaramazlaşdy. Günbatar bu meselelerde Moskwany günäledi.

XS
SM
MD
LG