Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroportunda ýadygärlik surat-wideo düşürenler saklanýar


Aeroportda surat-wideo düşüren ýolagçylar saklandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:09 0:00

Aeroportda surat-wideo düşüren ýolagçylar saklandy

Aşgabadyň aeroportunda “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Stambul saparyny ýerine ýetirýän uçaryna goýberilmeýän adamlaryň deregine uçmak üçin bilet kassasynyň öňünde nobata duran raýatlardan özi üçin ýadygärlik surat ýa-da wideo şekil surata düşürýänleriň organ işgärleri tarapyndan saklanyp, soň hem howpsuzlyk gullugy tarapyndan soraga çekilip, daşary ýurda goýberilmeýändigi habar berilýär.

Читайте также на русском

20-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Aşgabadyň aeroportundan iberilen wideo şekilde, iki-üç günlükde Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryna niýetlenen bilet kassasynyň öňünde Stambul uçaryna goýberilmeýänleriň deregine bilet alyp uçmak üçin garaşyp otyrka, ýadygärlik surat we wideo şekil surata düşüren mahaly, organ işgärleri tarapyndan saklanyp, ol ýerdäki plastik (prefabrik) polis külbesinde soraga çekilenden soň, Türkmenistanyň howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine tabşyrylan, ýagny komitetiň işgärleriniň yzyna düşüp ýöräp barýan iki sany erkek adam bilen olaryň ýanynda oturan beýleki 15 adam töweregi ildeşleri göze ilýär.

Munuň bilen baglanyşykly anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna maglumat beren bir zenanyň aýtmagyna görä, şol iki sany erkek adamyň aeroportuň içinde ýadygärlik üçin surat we wideo şekil düşüreni sebäpli olar bilen bilelikde uçar biletini almak üçin nobata duran beýleki lebaplylara hem uçar bileti satylman, daşary ýurda goýberilmändir.

"Her welaýat üçin aýratyn bilet satylýan kassalar bar we uçara goýberilmedik ýolagçylaryň deregine uçmak isleýänler şol kassanyň gabadynda nobata durýarlar. Her kim öz welaýatyndan bolan adamlaryň ýanynda durmaly, ýagny başga welaýatdan bolan raýatlaryň ýanynda oturmak we olar bilen gürleşmek hem bolanok. Eger-de kimde-kim başga welaýatlylara ýakynlaşjak bolsa derrew ýönekeý geýimli organ işgärleri gelip, berk duýduryş berip, haýbat atyp gidýärler” diýip, zenan ýolagçy gürrüň berdi.

Ol agzalýan bilet satylýan kassanyň gabadynda onlarça lebaply bolup garaşyp oturan mahaly, gürrüňi edilýän iki ýaş oglanyň aeroportuň içinde ýadygärlik surat we wideo şekil surata düşürip başlandygyny aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirdi:

“Oglanlar ýerinden turup ‘Ynha häzir Aşgabadyň aeroportunda bilet aljak bolup nobata garaşyp otyrys. Nesip bolsa basym Stambula bararys. Bize Stambulda garaşyň’ diýip, kommentariýa bereni hem şoldy welin, dessine ýönekeý geýimli organ işgärleri gelip ‘Siz näme üçin aeroporty we adamlary surata hem wideo düşürýärsiňiz? Azatlyk Radiosyna iberjek bolýaňyzmy? Aeroportda surat almak we wideo şekil düşürmek gadagan, muny bilmeýäňizmi? Hany geliň bärik, siziň boljagyňyz başga. Suratlaryň we wideolaryň kopiýasyny ýene kime beren bolsaňyz derrew aýdyň. Kim ýene şeýle surat alan bolsa we wideo şekil düşüren bolsa derrew pozsun’ diýip, olary gyssap, golaýdaky plastik polisiýa külbesine äkitdiler. Bir salymdan soň hem ol ýere komitetiň işgärleri geldi we iki adamy yzyna düşürip, howpsuzlyk gullugynyň otagyna äkitdiler. Biz hem şol mahal wideo şekil düşürip, anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna iberdik” diýip, zenan ýolagçy gürrüň berdi.

Bilet almak üçin nobata duran lebaply raýatlardan ýene biriniň tassyklamagyna görä, bu wakadan soňra bilet kassasynyň işgärleri şol iki erkek adamyň düşüren suraty we wideo şekili sebäpli nobata duran lebaplylardan hiç birine bilet satylmajagyny, ýagny Türkiýä goýberilmejegini aýtdylar.

“Bu ýerde biziň näme günämiz ýa-da bu işe biziň nähili dahylymyz bar diýsek, hiç hili düşündiriş beren bolmady. Netijede, onlarça adamy hut şeýle sebäpden Stambul uçaryna goýbermediler” diýip, lebaply ýolagçy gürrüň berdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň içinden we daşyndan Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan raýatlar bolsa, diňe bir Stambula gitjek bolýanlaryň däl, eýsem şol bir wagtyň özünde, ýurda dolanýan migrantlaryň hem basyş astynda tutulýandygyny, ýagny uzak günläp aeroportda saklanyp, mobil telefonlarynyň dörjelenip, soraga çekilýändigini gürrüň berýärler.

Sözi jemläp aýtsak, ýokarda agzalýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariý almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG