Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka ‘dostlukly’ Belarus-ÝB gatnaşyklaryny öwdi


Prezident Aleksandr Lukaşenka (çepde) Minksde Ýewropanyň goňşuçylyk syýasaty we giňelme gepleşikleri boýunça komissary Ýohannes Han (Johannes Hahn) bilen gepleşikleri geçirýär. 21-nji iýun, 2018 ý.
Prezident Aleksandr Lukaşenka (çepde) Minksde Ýewropanyň goňşuçylyk syýasaty we giňelme gepleşikleri boýunça komissary Ýohannes Han (Johannes Hahn) bilen gepleşikleri geçirýär. 21-nji iýun, 2018 ý.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka öz ýurdy bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulanmagyny gutlady.

Lukaşenka bu barada Minksde Ýewropanyň goňşuçylyk syýasaty we giňelme gepleşikleri boýunça komissary Ýohannes Han (Johannes Hahn) bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda çykyş etdi.

“Demokratiýa, söz azatlygy, syýasy tussaglar, ölüm jezasynyň ýatyrylmagy ýaly meseleler, elbetde, möhümdir. Biz bu meseleleri gün tetibine getirip, olary açyk bir görnüşde maslahat edýäris” diýip, belarus prezidenti belledi.

Emma, Lukaşenka has köp “söwda, ykdysady we maliýe gatnaşyklarynyň esaslaryna” ýykgyn edýändigini hem mälim etdi.

2016-njy ýylyň fewralynda Ýewropa Bileleşigi Minske garşy girizilen sanksiýalaryň ençemesini ýatyrypdy. Olaryň arasynda 170 belaruslynyň, şol sanda Lukaşankanyň emläklerini doňdurmak we olara garşy syýahat gadagançylygyny gririzmek ýaly çäreler bardy.

Sanksiýalaryň “belarusly syýasy tussaglaryň azat edilmeginiň we Ýewropa Bileleşigi-Belarus gatnaşyklarynyň ösmeginiň çäginde” aradan aýrylandygy bellenildi.

XS
SM
MD
LG