Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Çagalar ikinji dili haýsy ýaşda çalt öwrenýärler?


Illýustrasiýa

"Newsweek" atly hepdelik amerikan žurnaly dilçi alymlaryň golaýda geçiren täze barlagyndan söz açýar we muňa salgylanyp çagalaryň daşary ýurt dilini öwrenmäge 10 ýaşyndan owal başlamalydygyny nygtaýar.

Daşary ýurt dilini 10 ýaşyndan owal öwrenýänler soň edil şol dili öz ene dili ýaly arassa we arkaýyn gepläp bilýärler.

Alymlar şeýle-de adamyň nähilidir bir sebäpden öwrenip bilmedik öz ene dilini 10 ýaşyndan soň çeper ýagdaýda öwrenip bilýändigine hem aýratyn üns çekýärler.

Täze barlagyň netijelerine görä, çagalar daşary ýurt diliniň grammatikasyny 17-18 ýaşyna çenli ýagşy özleşdirip bilýärler. Mundan owal munuň gaty kiçi ýaşda çäklenýändigi pikir edilýärdi.

Netijeler, çagalaryň 10 ýaşyndan soň hem dili çalt öwrenip bilýändigini, ýöne ol daşary ýurt dilinde hiç wagt durşy bilen arassa gürläp bilmejegini görkezýär. Sebäbi, 17 ýaşa golaýanda adamyň daşary ýurt dilini öwrenmek ukyby haýallaýar.

Şeýle ylmy barlagy geçiren Massaçussets tehnologiýa institutynyň Boston kollejiniň professory Joşua Hartşorn şeýle diýýär:

"Bizi gyzyklandyrýan esasy sowal şeýledi, ýagny dil öwrenmek ukyby adam dünýä inendenmi, bäş ýaşyndanmy ýa-da başga ýaşda haýallaýar? Bu ylmy barlag owaly bilen çagalaryň daşary ýurt dilini näme üçin ululardan has ýagşy öwrenmeginiň sebäbini düşündirýär“.

Netijeleri "Kognişon“ žurnalynda çap edilen ylmy barlagy, MTI we Garward uniwersitetiniň alymlarynyň 670 sany adamyň arasynda geçiren pikir soralyşygyna esaslanýar. Bu, dil öwrenilmegi barada şu wagta çenli geçirilen iň giňgerimli ylmy barlagdyr.

Mundan owal, geçirilen ylmy barlaglar diňe garrylar bilen çagalaryň dil öwrenmek ukyplaryny deňeşdirmek esasynda bolupdyr. Ýöne, ahyrky ylmy barlagda bar üns grammatikanyň ýagşy özleşdirilmegine gönükdirilipdir.

Barlag mahaly başga dilde gürleşýänleriň iňlis dilini öwrenýän mahaly başdan geçirýän sepgitleri nazarda tutulypdyr.

Munuň üçin pikir soralyşyga gatnaşýanlara dürli sowallar berlipdir.

Alymlar, mundan beýläk iň esasy maksadyň daşary ýurt dilini öwrenmek ukybynyň ýaş ulaldygyça näme üçin azalýandygyny anyklamak bolup dyrýandygyny belleýärler.

Bilermenler, munuň adamyň biologiýasy bilen arabaglanşykly bolup biljegini aýdýarlar.

Emma, bir mesele durşy bilen aýan boldy, ýagny daşary ýurt dillerini öwrenmek ukyby 17-18 ýaşa çenli täsirli ýagdaýdadyr.

Alymlar, hemme zat bir tarapa, ol ýaşdan soň adamyň durmuşynda başga aladalaryň köpelýändigine aýratyn üns çekýärler.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG