Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-Türkmenistan Brýusselde adam hukuklaryny maslahatlaşdy, aktiwist Mingelowyň türmede 'agyr ýatandygy' aýdylýar


Mansur Mingelow, TAH-yň fotosuraty

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri, golaýda tussagy görüp gaýdan hossarlaryna salgylanyp, raýat aktiwisti Mansur Mingelowyň Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde ýerleşýän türmäniň sanitar bölüminde ölüm halynda ýatandygyny habar berýär.

Bu habar Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň 21-nji iýunda Brýusselde özleriniň adam hukuklary boýunça ýyllyk onunjy dialogyny geçiren wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Habarda aýdylmagyna görä, Brýussele baran türkmen delegasiýasyna daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Ýazdursun Gurbannazarowa ýolbaşçylyk etdi.

"The Times of Central Asia" neşiriniň ýazmagyna görä, adam hukuklary dialogy konstruktiw we açyk pikir alyşmak ýagdaýynda geçdi. Şeýle-de, "Türkmenistan adam hukuklaryny hormatlamak boýunça birnäçe oňyn ädim ätdi" diýip, ÝB-niň aýdandygy habar berilýär.

Emma dialog wagtynda kanunlaryň kabul edilmegi bilen olaryň hakykatda durmuşa geçirilmeginiň arasynda uly boşlugyň hem bardygy bellenildi.

Şeýle-de habarda, beýleki meseleler bilen bir hatarda, adam gynamalarynyň we ýowuz daramalaryň öňüni almak, şol sanda tussag edilen ýa-da ýitirim bolan hukuk goraýjylaryň hukuklary barada hem gürrüň edilendigi aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, ÝB bilen Türkmenistanyň nobatdaky ýyllyk dialogynda türkmen türmesinde bikanun saklanylýandygy aýdylýan aktiwistleriň ýagdaýy barada edilen gürrüňiň detallary doly aýdyň bolman galýar.

Mansur Mingelowyň ýagdaýyna dolanyp gelsek, “Türkmen aktiwistiniň saglyk ýagdaýy 10-njy iýun töwereklerinde, gan basyşynyň ýokary galmagy, ýüreginiň agyrmagy bilen ýaramazlaşdy we ol özüniň sanitar bölüme geçirilmegini sorady” diýip, TAH habar berýär.

Garyndaşlarynyň sözlerine görä, tussagy sanitar bölüme geçiripdirler, ýöne onuň ol ýere bolan üç gününde ne derman berlipdir, ne-de sanjym edilipdir. Şondan soň ony ýene umumy bölüme geçiripdirler.

“Garyndaşlary Mansurowy görmek üçin ýene, 21-nji iýunda-da türmä bardylar we onuň ýene sanitar bölüme geçirilendigini gördüler. Şondan öň ol 5 günläp aşhanadaky skameýkada ýatdy, sebäbi wraçlar ony pulsuz palata salmakdan boýun gaçyrdylar” diýip, TAH habar berýär.

“Mansur diňe deri bilen süňk bolup galypdyr – diýip, garyndaşlary ýazdy. - Biz baramyzda, onuň bedeniniň gyzgyny 41 gradusa çenli ýokarlandy, emma wraçlar, bir çäre görmek beýle-de dursun, näsagyňýanyna hem gelmedi” diýip, TAH türkmen aktiwistiniň garyndaşlaryny sitirleýär.

Mary welaýatyndan bolan etniki buluç Mansur Mingelow Türkmenistandaky buluç azlygynyň hukuklaryny goramakda tanalýar. TAH-yň maglumatyna görä, ol ilkinji gezek 2012-nji ýylyň 6-njy iýunynda, doganynyň garşysyna gozgalan jenaýat işi bilen baglylykda tussag edildi.

Emma ol 22-nji iýunda, hereketinde hiç bir jenaýat alamaty bolmansoň, azatlyga goýberilýär. Ol azatlyga çykyp, Baş prokuratura, Türkmenistanyň prezidentine özüne edilen zorluk-sütemler barada arza bilen ýüz tutýar.

Mundanam başga, TAH-yň tassyklamagyna görä, Mansur Mingelow iýun we awgust aýlarynda, ikinji gezek tussag edilýänçä, Mary welaýatyndaky buluçlara ýowuz daralyşy, olaryň gynalyşy barada 11 işi dokumentleşdirýär we toplan maglumatlaryny ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna, ÝHHG-nyň wekilhanasyna, şeýle-de Baş prokuratura ugradýar.

"Amnesty International guramasy" 2014-nji ýylyň iýun aýynda Mansur Mingelwoyň ykbalyna uly aladalanma bildirdi. Guramanyň wekili Reýçel Bagler bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Mansur Mingelow 2012-nji ýylda polisiýanyň tussaglary, esasan-da, buluç etnik toparynyň wekillerini gynamalara sezewar edýändigini görkezýän subutnamalary ýygnansoň tussag edildi”.

Şeýle-de, AI Mansur Mingelowa adalatly bolmadyk suduň karary netijesinde höküm çykarylandygyny belledi:.

“Amnesty International Mingelowyň işi boýunça köp düzgünleriň bozulandygy sebäpli aladalanma bildirýär, hususan-da işiň gidişinde tanama düzgüni berjaý edilmedi, şaýat diýlip görkezilen adamlar türkmen diline düşünmeýän hem bolsalar, kagyzlara gol çekmäge mejbur edildiler. Şeýle-de Mingelowa suduň dowamynda öz islegine görä aklawçy saýlamak hukugy berilmedi” diýip, Reýçel Bagler aýtdy.

Türkmenistan sebitde ilatynyň baş sanyna görä iň kän tussagly ýurtlaryň biri hasaplanylýar we türmedäki ölüm hadysalary, olaryň sebäpleri köplenç bilinmän galýar.

Şol bir wagtda, 2017-nji ýylda daşary ýurt diplomatlarynyň tussaglaryň saklanylýan ýerlerine baryp görmegine rugsat berlenem bolsa, Türkmenistan garaşsyz ekspertleriň türkmen türmelerine baryp görmeklerine rugsat bermezlikde tanalýar. Bellemeli ýeri, 21-nji iýunda hem Türkmenistanyň halkara derňewlerine has açyk bolmagynyň zerurdygy we adam hukuklary boýunça boýun alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmelidigi ýatladyldy.

ÝB-Türkmenistan adam hukuklary dialogynyň 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilmegine garaşylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG