Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek planlaşdyrylýar


Daşoguzda pagta ýygýan çagalar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji iýunda Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyny tassyklady.

Bu kararyň çagalaryň hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de şol hukuklardan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen kabul edilendigi aýdylýar.

Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýdýar.

Emma hukuk goraýjylar Türkmenistanda çaga zähmetiniň saklanyp galýandygyny, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň çagalaryň okuw mümkinçiliklerini azaldyp, olary maşgalanyň eklenjine başardygyndan goşant goşmaga itekleýändigini belleýärler.

Şeýle-de aktiwistler Türkmenistanda çagalaryň okuw wagtynda we dynç alyş mahalynda köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylyp, syýasy propagandanyň guraly hökmünde ulanylmagyny tankyt edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG