Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Türkmenistany adam hukuklarynyň goragyny gowulandyrmaga çagyrýar


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew. Arhiw suraty
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew. Arhiw suraty

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan 21-nji iýunda Brýusselde özleriniň adam hukuklary boýunça ýyllyk onunjy dialogyny geçirdi diýip, The Times of Central Asia neşiri habar berýär.

ÝB Türkmenistanyň raýat jemgyýetiniň wekilleri üçin şert döretmekden, adam hukuklaryny goraýjylaryň we metbugatyň azat-erkin işlemeginden bähbit tapjakdygyny nygtady.

Türkmenistanyň adam gynamalaryna garşy konwensiýanyň we ähli adamyň zorlukly ýitirim bolmakdan goralmagy babatdaky konwensiýanyň fakultatiw protokolyny tassyk etmegi resmi Aşgabadyň adam hukuklarynyň goralmagyna ygrarlydygyny görkezerdi diýip, dialogda aýdyldy.

Şeýle-de ÝB Türkmenistanyň zorlukly ýitirim edilmek problemasyny haýal etmezden boýun almagynyň we bu problemany köki-damary bilen köwlemek üçin çäre görmeginiň zerurdygyny belledi.

Türkmen häkimiýetleri bu hili ýagdaýlaryň käbiri barada maglumat berdiler diýip, habarda aýdylýar, emma bu barada anyk maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň Brýussele baran delegasiýasyna daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Ýazdurdsyn Gurbannazarowa ýolbaşçylyk etdi.

ÝB-Türkmenistan adam hukuklary dialogynyň 11-nji duşuşygynyň indiki ýyl Aşgabatda geçirilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG