Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda gadagan edilen ýygnanyşykdan öň ähtimal protestçiler tutuldy 


Almaty. Proteste gözegçilik edýän polisiýa ofiseri. Arhiw suraty

Gazagystanyň çar künjegindäki şäherlerde Gazagystanyň oppozisiýadaky Demokratik saýlaw hereketiniň gurnaýan ygtyýar berilmedik ýygnanyşygy bilen baglylykda onlarça adam tussag edildi.

Polisiýa 23-nji iýunda ýurduň iň uly şäheri Almatyda, protest geçirmegiň teklip edilýän ýeriniň töwereginde barrikada gurdy we ol ýere gelmäge synanyşýan islendik adamy barlagdan geçirmäge başlady.

Azatlygyň Gazak gullugynyň habarçylary bu ýerde polisiýanyň azyndan on adamy tutup, alyp gidendigini habar berdiler.

Azatlygyň Gazak gullugynyň habarçysy Andrei Swiridow hem Almatyda polisiýa öz şahsyýetini tassyklaýan dokumenti görkezenden soň tussag edildi.

Paýtagt Astanada hem ýygnanyşygyň geçirilmekçi bolýan ýerinde ondan gowrak adam tussag edildi.

Ýerli prokuratura edarasynyň wekilleri adamlara bu ýeri terk etmelidigini, sebäbi hökümetiň beýle ýygnanyşyga rugsat bermeýändigini aýdýarlar.

Beýleki şäherlerde, şol sanda günbatar Gazagystan regionyndaky Uralskda hem adamlaryň tussag edilendigi aýdylýar.

Bu demonstrasiýa hökümetiň ähli gazaga mugt bilim bermegini talap etmek üçin çagyryldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG