Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda geçiriljek mejlis saýlawlarynda ilkinji gezek türkmen zenanlary bäsleşýär


Farzana Bahmin, Farýap we Gunduz welaýatlaryndan halk wekilligine dalaş edýän türkmen zenany
Farzana Bahmin, Farýap we Gunduz welaýatlaryndan halk wekilligine dalaş edýän türkmen zenany

Dünýä türkmenleriniň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlarynyň biri bolan Owganystanda şu ýylyň 20-nji oktýabrynda halk wekilligine we etrap geňeşlerine saýlawlar geçirilýär.

Owganystandaky türkmenleriň ýeke-täk milli guramasy bolan "Türkmen şura" geňeşi halk wekilligi saýlawyna 5 welaýatdan 17 sanysy erkek adam, 2 sanysy hem zenan, jemi 19 dalaşgär bilen gatnaşýar.

Synçylaryň bellemegine görä, bu saparky saýlawlarda buýsançly hem taryhy bir aýratynlyk bar, ýagny Owganystandaky türkmenler Farýap we Gunduz welaýatlaryndan halk wekilligine Farzana Bahmin bilen Firuzan Güýçli atly türkmen zenanlaryny dalaşgär görkezdiler. Türkmen köpçüliginiň zenan halk wekili dalaşgärlerini gowy goldaýandygy habar berilýär we olaryň üstünlik gazanjagyna berk bil baglanýar.

Eýsem, Owganystandaky türkmenler saýlawlara görülýän taýýarlyklarda nähili kynçylyklara, bökdençliklere we problemalara duş gelýärler? Owganystanda türkmen zenanlarynyň halk wekilligine dalaşgär görkezilmegine halk köpçüligi nähili reaksiýa görkezýär? 20-nji oktýabrda geçiriljek saýlawlar Owganystandaky türkmenleriň durmuşyna nähili täsir ýetirer?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Owganystanda geçiriljek saýlawlara türkmenleriň görýän taýýarlyklaryna gönükdirýär.

Owganystandaky türkmenleriň "Türkmen şura" guramasynyň başlygynyň orunbasary Abdylsamat Kerim Harus, Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady we türkmen ýaşlarynyň wekili Latif Peýman dünýä türkmenlerine saýlawlara görülýän taýýarlyklar barasynda maglumat berýärler.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky öz tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Owganystanda geçiriljek mejlis saýlawlarynda ilkinji gezek türkmen zenanlary bäsleşýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:54 0:00

XS
SM
MD
LG