Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky özbek howpsuzlyk resmileri “türmä basyldy”


Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew.

Özbegistanyň Buhara sebitinde bäş sany ozalky ýokary derejeli howpsuzlyk resmisi adam gynamak we wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdanamak aýyplamalarynda günäli tapylyp, uzak ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Bu barada Azatlyk Radiosyna atlandyrylmasyzlygyny soran özbek resmileriniň biri maglumat berdi. Onuň sözlerine görä, Döwlet howpsuzlyk gullugynyň Buhara boýunça direktoranynyň ozalky başlygy Rustam Azimowa 14 ýyl türme tussaglygy berlipdir. Azimowyň ýene-de dört egindeşine 16-18 ýyl aralygynda ýyl kesilipdir.

Mundanam başga, Buharanyň tussaghanasynyň ozalky dört sakçysy, meňzeş aýyplamalar esasynda, 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylda häkimiýet başyna geçenden soň, ýurtdaky adam hukuklary babatyndaky ýagdaýlary gowulandyrmaga söz beripdi.

Mirziýoýew howpsuzlyk gulluklarynyň işini açyk bir görnüşde tankyt edip, olaryň baş goşýan tejribelerini sowet diktatory Iosif Staliniň 1937-38-nji ýyllardaky repressiýalary bilen deňeşdiripdi.

XS
SM
MD
LG