Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýdan 7 uniwersitet ilkinji onluga giripdir


Hytaýly talyplar.

Hytaýda elit uniwersitetler bilen ýokary okuw jaýlarynyň galan böleginiň arasyndaky aratapawut barha atrýar. Bu dünýädäki uniwersitetleriň "Times Higher Education” (THE) atly reýtinginiň netijesinde äşgär bolupdyr.

Indi bäş ýyldan bäri reýtingde ilkinji orny Hytaýyň Pekin we Tsinhua uniwersitetleri eýeleýär. Ilkinji onluga Hytaýdan bulardan daşaryn ýene 5 uniwersitet goşulypdyr. Umuman alynanda bolsa sanawdaky her 6 uniwersitetden biri ýa-da jemi 63 ýokary okuw jaýy Hytaýdandyr. Geçen ýyl olaryň umumy sany 52 ekeni.

Ilkinji 50 iň gowy uniwersitetiň arasynda orun almagy başaran 14 sany hytaýly uniwersitetiň ählisi ýa eýeleýän ýerini gorapdyr ýa-da has ýokaryk galypdyr. Meselem, Harbin tehnologiýa instituty 12 basgançak beýgelip 29-ny orny eýeläpdir.

Dünýädäki iň gowy uniwersitetleriň sanawynda umuman 42 ýurt we sebitden 350-den gowrak ýokary okuw jaýy orun alypdyr.

Hytaýdan 63, Meksikadan 11 uniwersitet.

Uniwersitetleriň güýji, saýlap alan ugry we taryhy hem öz arasynda diýseň tapawutlanýar. Ilkinji 20 gowy uniwersitetiň arasynda Rusiýada 1755-nji ýylda döredilen Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersiteti bilen Türkiýeden 25 ýyl owal gurlan hususy "Koç“ uniwersiteti hem orun alýar.

Lomonosow adyndaky uniwersitetiň jaýy ybadathananyň arkasyndan görünýär
Lomonosow adyndaky uniwersitetiň jaýy ybadathananyň arkasyndan görünýär

Soňky ýyllarda ösüşi bilen üns çekýän uniwersitetleriň biri bolsa Rusiýadaky Tomsk politehniki uniwersitetdir. Bu ýokary okuw jaýy Rusiýanyň "5-100 maksatnamasynda“ hem orun almagy başarypdyr. Bu hökümet programmasynyň maksady 2020-nji ýyla çenli dünýädäki iň gowy 100 uniwersitetiň arasyna Rusiýadan 5 uniwersiteti goşmakdyr. Tomsk politehniki uniwersiteti geçen ýylky reýtingde 56-njy orunda durýan bolsa, bu ýyl 21-nji orny eýeleýär. Munda esasy rol oýnaýan sebäpler ol ýokary okuw jaýynda göreldelik işleriň köpelmegi, ylmy barlag geçirilýän ýerleriň has gowylaşdyrylmagy we beýleki şertlderdir.

Şeýlelik-de dünýädäki iň gowy uniwersitetleriň ilkinji onlugynda Hytaýyň Pekin we Tsinhua uniwersitetleri, Rusiýanyň Lomonosow adyndaky uniwersiteti, 4-nji we 8-nji orunlarda ýene Hytaýyň Fudan, Hytaýyň ylmy we tehnologiýa uniwersiteti, Žesiang uniwersiteti, Şanhaýyň Žiao Tong uniwersiteti, Nanžing uniwersitetleri bardyr.

9-njy we 10-njy orunlarda bolsa Günorta Afrikanyň Keýp Taun uniwersiteti bilen Taýwanyň milli uniwersiteti durýandyr.

Dünýädäki iň gowy uniwersitetleriň reýtinginde Hytaýdan 63, Hindistandan 42, Braziliýadan 32, Taýwandan 31, Rusiýadan 27, Türkiýeden 22, Çiliden 13, Çehiýadan 13, Polşadan 12, Meksikadan hem 11 uniwersitet orunlara eýe bolupdyr.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG