Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Niderlandlaryň parlamenti “ýüzi örtýän lybaslary” gadagan edýän kanyny kabul etdi


Nikaply aýallar. Illýustrasiýa.
Nikaply aýallar. Illýustrasiýa.

Niderlandlaryň parlamenti jemgyýetçilik binalarynyň içinde “ýüzi örtýän lybaslary”, şol sanda yslam nikaplaryny we çabytlaryny gadagan edýän kanuny kabul etdi.

Parlamentiň ýokarky öýi munuň bilen baglylykdaky soňky kararyny sişenbe güni berdi. Mundan öň, ýagny 2016-njy ýylda Parlamentiň aşaky öýi hem bu kanunyň taslamasyny kabul edipdi.

Täze kanunyň mekdeplerde, hökümet binalarynda, keselhanalarda we jemgyýetçilik transportynda howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigi aýdylýar. Emma, tankytçylar munuň käbir musulman aýallarynyň geýýän burkalaryndan we nikaplaryndan dynmak üçin kabul edilendigini öňe sürýärler.

Gadagançylyk jemgyýetçilik köçelerine degişli däl. Ýöne, polisiýa işgärleri adamyň şahsyýetini aýdyňlaşdyrmak üçin, adamyň ýüz örtgüsini aýyrmagyny talap edip bilýärler.

Soňky ýyllaryň içinde Awstriýa, Belgiýa, Fransiýa we käbir Ýewropa ýurtlary jemgyýetçilik ýerlerinde ýüzi örtýän lybaslaryny belli bir derejede gadagan edýän kanunlary kabul edipdiler.

XS
SM
MD
LG