Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowa we Albaniýa jerime salnan futbol oýunçylaryna pul toplamak kampaniýasyny başlatdylar


Şwesariýanyň saýlama toparynyň düzüminde oýnaýan Granit Kshaka (çepde) we Ksherdan Şaiiri elleri bilen bürgüdiň yşaratyny görkezdiler.
Şwesariýanyň saýlama toparynyň düzüminde oýnaýan Granit Kshaka (çepde) we Ksherdan Şaiiri elleri bilen bürgüdiň yşaratyny görkezdiler.

Kosowanyň we Albaniýanyň liderleri futbol boýunça Dünýä çempionatynyň dowamynda jerime salnan şwesar oýunçylary üçin pul toplap başlandyklaryny mälim etdiler.

Ýatlatsak, Şwesariýanyň saýlama toparynyň düzüminde oýnaýan Granit Kshaka we Ksherdan Şaiiri öz toparynyň ýeňişini gutlan pursatlary elleri bilen bürgüdiň yşaratyny görkezipdiler.

Oýunçylar munuň bilen özleriniň Kosowa degişli köklerini aýan etjek boldular. Kosowa 2008-nji ýylda özüniň Belgraddan garaşsyzlygyny yglan edipdi. Kosowada aglaba albanlar ýaşaýarlar.

Oýunçylaryň görkezen bürgüdi Albaniýanyň milli simwoly bolup, ol Serbiýa tarapyndan boýun bolmazlygyň alamaty hökmünde häsiýetlendirilýär.

Belgrad, 116 ýurduň ykrar etmegine hem garamazdan, Pristinanyň garaşsyzlyk baradaky deklarasiýasyny hiç haçan kabul etmedi.

Oýunçylaryň yşaraty Serbiýada gahar-gazap döretdi. Futbola gözegçilik edýän FIFA hem oýunçylara 10 müň 100 dollar möçberinde jerime saldy. FIFA-nyň kadalaryna laýyklykda, stadionda syýasy yşaratlary görkezmek gadagandyr.

Albaniýanyň premýer-minstri Edi Rama ýörite bank hasabyny açandygyny, oňa jerimäni tölemäge kömek etjek ildeşleriniň pul ugradyp bilýändigini hem mälim etdi. Kosowo hem internetde pul ýygnamak üçin bir kampaniýa başlatdy. Ençeme sagadyň dowamynda oňa 26 müňden hem aşa dollar toplandy.

XS
SM
MD
LG