Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat gymmatçylykda Waşingtondan-da ozdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Mercer kompaniýasy dünýäniň dürli şäherlerinde daşary ýurtlular üçin durmuşyň arzançylygy we gymmatçylygy boýunça barlag geçirip, onuň netijelerini çap etdi. Aşgabat bu sanawda bahalaryň amatsyzlygy boýunça 209 şäheriň arasynda Awstriýanyň paýtagty Wenadan hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabiden we ýene-de iki şäherden soň dünýädäki iň gymmat 43-nji şäher hökmünde agzalýar.

Kompaniýanyň çap eden netijelerinde barlaga pikir soraşyk esasynda dünýäniň dürli şäherlerinde ýaşaýan daşary ýurtlularyň goşant goşandygy, onuň 2 ýüze golaý harydyň ýa-da hyzmatyň, şol sanda jaý kireýleriniň, transport serişdeleriniň, azyk-harytlaryň, öý goşlarynyň, geýim-gejimleriň we şuňa meňzeşleriň nyrhalarynyň deňeşdirilmeginde taýýarlanandygy aýdylýar.

Sanawda Aşgabat dünýädäki iň gymmat 43-nji şäher hökmünde agzalýan wagty, goňşy Özbegistanyň paýtagty Daşkent dünýädäki iň arzan şäher hökmünde bellenip geçilýär. Ol 209 şäheriň arasynda 209-njy orunda ýerleşdirilipdir.

Şol bir wagtyň özünde Merkezi Aziýada ýerleşýän şäherleriň arasynda Bişkek 207-nji orunda, Almaty 187-nji orunda ýerleşdirilipdir. Täjigistanyň paýtagty Duşenbe sanawa girizilmändir.

Goşa dyrnagyň içinde “gyzykly ýeri”, Aşgabatda ýaşamak Birleşen Ştatlaryň paýtagty Waşingtonda ýaşamakdan, ýa-da Germaniýanyň paýtagty Berlinde ýaşamakdan gymmada düşýär. Olar degişlilikde 56-njy we 71-nji orunlarda ýerleşdirilipdir.

Barlagyň netijelerinde görä, ýaşaýşyň Amsterdamda, Mýunhende, Madridde, Brýusselde, Frankfurtda, Barselonada, Pragada, Stambulda we beýleki köp sanly günbatar şäherlerinde türkmen paýtagtyndan has arzandygy görkezilýär.

Merceriň aýtmagyna görä, barlagyň ortalyk pul birligi amerikan dollary hökmünde kabul edilip, şäherlerdäki durmuşyň amatlylygy Nýu Ýorka görä deňeşdirilipdir.

Dünýädäki iň gymmat şäherler Hong Kong we Tokýo bolup, olar degişlilikde 1-nji we 2-nji orunlarda ýerleşdirilipdir.

Barlaga görä, dünýäde iň gymmat jinsi balaklar Moskwada, iň gymmat kofe Seulda, iň gymmat gamburger Zurihde we iň gymmat benzin Hong Kongda satylýar. Moskwada jinsileriň ortaça bahasy 150 dollar, Seuldaky bir käse kofeniň ortaça bahasy 10 dollar, Zurihdäki gamburger 15 dollar töweregi we Hong Kongdaky 95-lik benziniň litri 2 dollardan sähel gymmada satylýar.

Aşgabat barada aýdylanda, Azatlyk Radiosy Türkmenistanda azyk harytlaryň, öý goşlarynyň, mebelleriň, senagat we hojalyk harytlarynyň bahalarynyň ýokarlanýandygy barada ýerli habarçylara salgylanyp, yzygiderli maglumatlary çap edip gelýär.

Soňky maglumatlarda, bir käselik “MacCoffee” 10 manatdan, “Cappuccino” 25 manatdan, ozal 50 teňňelik otly çöp 7 manatdan bahalanýar.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky bahasy resmi kursdan birnäçe esse gymmatlady.

4-nji iýunda Azatlygyň habarçylary Daşoguz welaýatynda 1 dollaryň 29 manatdan satylandygyny habar beripdi.

Halkara synçylar Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýändigini aýdýarlar. Golaýda Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Jons Hopkins uniwersitetiniň amaly ykdysadyýet boýunça professory Stiw Henki Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesiniň 294%-e baryp ýetendigi barada sosial media arkaly maglumat çap etdi.

Merceriň geçiren barlagy baradaky sözi jemlände, kompaniýa geçirýän pikir soraşyklarynda barlag geçirilýän ýurtlarda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň maglumatlaryna salgylanýandygyny aýdýar.

Adam resurslary boýunça dünýädäki iň uly geňeşdarlyk kompaniýasy bolan Mercer 130 ýurtda iş alyp barýar.

XS
SM
MD
LG